Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” owgan Ministrler kabinetiniň düzümini giňeldýär, ýöne oňa ýene-de aýallary goşmaýar


“Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň metbugat wekili Zabihullah Mujahid

“Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümet wagtlaýyn Ministrler kabinetiniň düzümini giňeldip, diňe erkeklerden ybarat ministrleriň orunbasarlarynyň sanawyny mälim etdi. Bu waka, aşa yslamçy toparyň hereketleriniň öz dolandyryşynyň düzümine aýal-gyzlary goşmak baradaky ilkinji wadalaryna laýyk gelmeýändigi barada halkara tankytlarynyň artýan mahalyna gabat gelýär.

Metbugat sekretary Zabihullah Mujahid 21-nji sentýabrda Kabulda geçirilen metbugat ýygnagynda ministrleriň orunbasarlarynyň we agentlikleriň başlyklarynyň sanawyny mälim etdi. Şeýle-de, ol iki weteran söweş meýdanynyň komandiriniň goranmak we içeri işler ministrleriniň orunbasarlary wezipesine bellenendigini aýtdy.

BMG-nyň hasabatlarynda täze wezipä bellenen Molla Abdul Kaýýum Zakiriň we Sadr Ybraýymyň söweş meýdanynyň serkerdeleriniň hataryndadygy we olaryň Kabulda Günbatar tarapyndan goldanýan hökümete garşy söweşi güýçlendirmek barada “Talyban” ýolbaşçylaryna basyş edendigi bellenilýär.

Mujahid aýal-gyzlaryň Ministrler Kabinetiniň düzümine geljekde belli bir döwürde goşulyp biljekdigini aýtdy. Ýöne bu çykyş, "Talyban" tarapyndan düzülýän hökümetiň 1996-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli häkimiýet başynda bolan döwründe ulanan repressiw düzgünine gaýdyp geljekdigi barada barha artýan gorkulary aradan aýyrmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG