Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etmek isleýär


 Amir Han Mottaki
Amir Han Mottaki

Owganystandaky häkimiýeti basyp alan radikal “Talyban” hereketi özlerine BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etmek mümkinçiliginiň berilmegini soraýar diýip, BMG-niň resmi wekili 21-nji sentýabrda habar berdi.

BMG-niň Baş sekretary António Guterriş 20-nji sentýabrda olaryň ýokary derejeli çekişmelere "gatnaşmagy haýyş edip" ýazan hatyny aldy diýip, BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dujarrik aýtdy.

Ol bu hatyň mejlisden bir gün öň gelendigini, oňa “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaki tarapyndan gol çekilendigini aýtdy.

Talyp wekiliniň iberen hatynda BMG-niň ýyllyk ýygnagyna gatnaşmak baradaky haýyşdan başga, “Talybanyň” Mohammad Suhail Şahini BMG-däki hemişelik wekillige hödürleýändigi hem aýdylýar diýip, Dujarrik sözüniň üstüni ýetirdi.

Mottaki öz hatynda Owganystanyň öňki prezidenti Aşraf Ganiniň 15-nji awgustda "wezipesinden agdarylandygyny" we dünýädäki ýurtlaryň "indi ony prezident hökmünde ykrar etmeýändigini" aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-ä iberilen hatda häzirki akkreditlenen owgan ilçisi Gulam Isakzaýyň indi BMG-de ýurda wekilçilik etmeýändigi öňe sürülýär.

BMG-niň Baş sekretarynyň wekili Guterrişiň 15-nji sentýabrda Isakzaýdan sessiýa gatnaşjak owgan wekiliýetiniň sanawyny öz içine alýan aýratyn hat alandygyny aýtdy. Dujarrik bu hatda Isakzaýyň Owganystanyň hemişelik wekili hökmünde görkezilendigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG