Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak polisiýasy ‘ýalan ýazan’ žurnalistlere garşy açylan kazyýet işini ýapdy


Partlama görnüşi
Partlama görnüşi

Gazagystanyň günortasyndaky Žambyl sebitiniň polisiýasy geçen aý goranmak ministri Nurlan Ermekbaýewiň işinden aýrylmagyna sebäp bolan ok-däri partlamalary bilen bagly, "ýalan maglumatlary ýaýratmakda" aýyplanan iki žurnaliste garşy açylan derňewiň ýapylandygyny aýtdy.

Sebit polisiýasynyň metbugat sekretary Begman Kutmurzaýew 23-nji sentýabrda Azatlyk radiosyna Turaninfo.kz neşiriniň işgäri Islambek Dastana we Daniýar Alimkula garşy açylan kazyýet işleriniň ýapylandygyny, sebäbi polisiýanyň bu iki žurnalistiň partlamalar barada beren habarlarynda jenaýat elementlerini tapyp bilmändigini aýtdy.

Bu iki žurnalist 16-njy sentýabrda soraga çagyryldy.

26-njy awgustda azyndan 17 adamyň ölmegine sebäp bolan ok-däri partlamalary we ýangyn barada öz feýsbuk sahypasynda göni gepleşik beren Dastan Azatlyk radiosyna derňewçileriň beren soraglaryna jogap berendigini aýtdy. Bu heläkçilikde ýiten bir adam şindi hem tapylmaýar.

Partlamalarda ýaralanan 98 adamyň ýarysyna golaýy Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri boldy.

XS
SM
MD
LG