Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG missiýasy: Ses berişlik "repressiw" şertlerde geçdi, Russiýanyň gatyşmak aýyplamalary "esassyz" 


Rus saýlawlary
Rus saýlawlary

ABŞ-nyň Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyndaky missiýasy Orsýetde geçirilen soňky saýlawlaryň "erkin ýa-da adalatly" ses berişlik şertlerinde geçirilmändigini aýtdy we Moskwanyň daşardan gatyşylmagy barada aýdanlaryny bozulan prosesden ünsi sowmak üçin bildirilen "esassyz aýyplama" diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň iş başyndaky syýasy geňeşçi Endrýu Şepard 23-nji sentýabrda ÝHHG-nyň hemişelik geňeşine, esasy karar çykarýan organa ýüzlenip eden beýanatynda tankydy pikirlerini aýtdy.

“Rus hökümetiniň 17-19-njy sentýabr aralygynda geçirilen duma saýlawlaryndan öň we saýlaw wagtynda gören repressiw çäreleri saýlaw aç-açanlygyna, saýlawlaryň garaşsyz metbugatda beýan edilmegine päsgelçilik döretdi we oppozisiýanyň hakyky gatnaşmak mümkinçiliginiň öňüni aldy, saýlawlaryň ygtybarlylygyny düýpli pese gaçyrdy " diýip, Şepard aýtdy.

ÝHHG-nyň saýlaw gözegçileri, häkimiýetler tarapyndan girizilen çäklendirmeler sebäpli, rus ses berişligine 1993-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gatnaşmady.

"Saýlawlaryň erkin we adalatly bolmagy üçin amatly bolmadyk şertlerde geçirilendigine we rus hökümeti tarapyndan girizilen bikanun çäklendirmeleriň ÝHHG gözegçileriniň saýlawlara syn etmeginiň öňüni alandygyna biz gynanýarys" diýip, Şepard sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG