Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rahmon BMG-ä goňşy Owganystandan abanýan 'çynlakaý howpy' duýdurýar


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon BMG-niň Baş Assambleýasyna ýazgy edilen wideo arkaly ýüzlendi.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon BMG-niň Baş Assambleýasyna ýazgy edilen wideo arkaly ýüzlendi.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon goňşy Owganystanda häkimiýeti eýelän “Talybany”, uruşdan tozan ýurtdaky dartgynlygy aradan aýyrmak üçin, ähli syýasy we etnik toparlaryň gatnaşmagynda, içine alyjy hökümet gurmaga çagyrdy.

Rahmon 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasyna eden wideo ýüzlenmesinde Owganystandaky soňky wakalar baradaky aladalaryny gaýtalady we olary "sebit howpsuzlygyna we durnuklylygyna çynlakaý howp" diýip atlandyrdy.

"Talyban" geçen aý, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky 20 ýyllyk harby hereketiň soňlanmagy bilen, Owganystanyň ähli ýerini diýen ýaly öz gözegçilgine geçirdi we bu ýagdaý Owganystan bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ýurtdan abanyp biljek howp-hatarlar, şol sanda on müňlerçe bosgunyň serhetden aşmak ähtimallygy baradaky aladalary döretdi.

Söweşijiler halkara jemgyýetçiligine özleriniň hiç hili howp salmaýandygyny ynandyrmaga synanyşdylar we bu toparyň häzir 1996-2001-nji ýyllarda ilkinji gezek häkimiýet başyna gelen döwründäkiden, berk liniýaly yslamçy topar bolanlygyndan has aram bolandygyny öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG