Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýalylar täze parlament üçin ses berýärler


German saýlawy
German saýlawy

Germaniýalylar 26-njy sentýabrda Germaniýanyň we Ýewropanyň geljegini kesgitlejek, netijelerini çaklamak kyn bolan saýlawda täze parlament ýa-da Bundestag üçin ses berýärler. Parlament saýlanandan soň, deputatlar hökümetiň täze başlygyny saýlamaly.

Pikir soramalary 16 ýyl häkimiýet başynda bolanyndan soň dynç alşa çykýan kansler Angela Merkeliň orny üçin örän güýçli çekeleşigiň barýandygyny görkezýär we onuň ýerine kimiň geçjekdigini öňünden aýtmak kyn.

Merkeliň CDU/CSU blogy häzirki koalisiýa hökümetiniň kiçi hyzmatdaşy bolan Merkez-çepçi Sosial-demokratlaryň (SPD) yzyndan barýar.

Soňky pikir soramalar öňdebaryjy partiýalaryň arasyndaky tapawudy bary-ýogy birnäçe göterim derejesinde goýdy, ýöne saýlawçylaryň köpüsi (40%) belli bir karara gelmänsoň, öňünden kesgitli bir zat aýtmak kyn görünýär.

Demirgazyk Reýn-Westfalia sebitiniň premýer-ministri Armin Laşet CDU/CSU blogynyň kansler kandidaty bolup durýar, ýöne ol ýanwar aýynda kandidat hödürleneli bäri konserwatorlara berilýän goldawyň kesgin azalýandygy belli boldy.

Şu aralykda birden, ençeme ýyllap goldaw tapmadyk SPD dalaşgäri, maliýe ministri we Merkeliň wise-kansleri Olaf Şolz tomusda geçirilen pikir soramalarda öňe saýlandy.

Saýlaw netijesiniň näbelliligine garamazdan, synçylaryň köpüsi üç taraplaýyn koalisiýanyň düzülmegine garaşýar, ýöne ol koalisiýada kimleriň boljakdygy entek belli däl.

Saýlaw kampaniýalarynda howanyň üýtgemegi, pensiýa, salgyt, iň pes aýlyk, ýaşaýyş jaýy, bilim, saglygy goraýyş, migrasiýa we sanlylaşdyrmak ýaly meseleler agdyklyk etdi.

XS
SM
MD
LG