Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kommunistler onlaýn ses berişliginiň netijesine protest bildirdi, Putin saýlawy 'azat we adalatly' atlandyrdy


Rus kommunistleri
Rus kommunistleri

Geçen hepde geçirilen parlament saýlawlarynyň resmi netijelerinden gazaba çykan 1000-den gowrak rus demonstrasiýaçy häkimiýetleriň Moskwanyň merkezinde protest bildirmezlik baradaky duýduryşlaryny ret etdi.

25-nji sentýabrda geçirilen demonstrasiýa birnäçe rus syýasatçysy tarapyndan gurnaldy we olaryň köpüsi kommunistlerden durýar. Protestçiler onlaýn ses beriş ulgamynda ýeňiş gazanandyklaryny, emma özlerine adalatsyzlyk edilendigini aýtdylar.

Onlaýn ses beriş ulgamynyň ýatyrylmagyna çagyran demonstrantlar "saýlawlary yzyna getir" diýen şygarlary galdyrdylar.

Emma muňa garamazdan, prezident Wladimir Putin Döwlet dumasyna girýän syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda "saýlawlaryň we onlaýn ses berişliginiň", edil tehnologiki ösüş ýaly, "togtadyp bolmajak zatdygyny" aýtdy.

Galplyk we ses berişlikdäki bidüzgünçilikler barada giň ýaýran aýyplamalara, Putine we dolandyryjy Bitewi Russiýa partiýasyna garşy çykýan kandidatlara garşy görlen berk basyşlara we gadaganlyklara garamazdan, Putin 25-nji sentýabrda geçen hepde geçirilen saýlawlaryň "azat we adalatly" bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG