Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemes partiýalary koalisiýa gepleşiklerine gatnaşýar


Saýlawlar, Germaniýa
Saýlawlar, Germaniýa

Germaniýanyň dört partiýasy 27-nji sentýabrda koalisiýa gepleşiklerine gatnaşmaga taýýarlanýar. Bu 26-njy sentýabrda geçirlen umumy saýlawlarda soňky sesleriň sanalmagynyň netijesinde merkezçi-çepçi Sosial Demokratlar partiýasynyň (SPD) ýurduň häkimiýet başyndaky konserwatiw bileleşiginden üstün çykmagynyň aýan bolmagynyň yzýanyna gabat geldi.

27-nji sentýabrda mälim edilen deslapky netijeler SPD partiýasynyň iş başyndan çekilýän kansler Angela Merkeliň dolandyrýan konserwatiw CDU/CSU blogundan uly bolmadyk ýeňiş gazandy.

Federal saýlaw komissiýasy tarapyndan neşir edilen deslapky netijelere görä, SPD-e partiýasy we onuň kansler wezipesine kandidaty Olaf Şolz 25,7% ses toplapdyr.

SPD we CDU/CSU ikisi hem indiki hökümeti döretmek ygtyýaryna eýe we indi olaryň arasyndaky gepleşikleriň uzaga çekmegine garaşylýar. Şolts konserwatorlara oppozisiýa gitmegi teklip edendigini 27-nji sentýabrda aýtdy.

27-nji sentýabrda Germaniýanyň maliýe bazarlary 1,1% ösüş bilen açyldy. Maýa goýujylar FDP-iň indiki hökümete goşuljakdygyny oňladylar, çepçi Linke (Çep partiýa) koalisiýa hyzmatdaşlygyna goşulmak üçin ýeterlik ses alyp bilmedi.

Angela Merkeliň 16 ýyl häkimiýet başynda bolmagyndan soň pensiýa çykmagyndan soň, konserwatorlar 76 ýyllyk taryhynda milli parlament saýlawlarynda iň pes netije görkezdiler CDU/CSU bary-ýogy 24,1% ses toplady.

Bu, 2017-nji ýylda geçirilen geçen saýlawlar bilen deňeşdirilende 8% çemesi pes.

Ses berijileriň gatnaşyk derejesi 76,6% boldy.

XS
SM
MD
LG