Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NRC: Owganystan betbagtçylygyň bosagasynda


Owgan bosgunlary Pakistanyň Spin Boldak serhet geçelgesinde, 25-nji sentýabr, 2021.
Owgan bosgunlary Pakistanyň Spin Boldak serhet geçelgesinde, 25-nji sentýabr, 2021.

Norwegiýanyň Bosgunlar Geňeşi (NRC) Owganystanyň ykdysadyýetiniň çökmek howpy astyndadygyny we geçen aýda hökümetiň dargamagyndan hem-de "Talyban" söweşijileriniň ýurdy basyp alynmagyndan soň bu ýurduň gumanitar betbagtçylyga duçar boljakdygyny duýdurdy.

“Owganystanyň ykdysadyýeti gözegçilikden çykýar. Resmi bank ulgamy nagt pul ýetmezçiligi sebäpli islendik gün çöküp biler. Men diňe caý we ownuk çörek bölekleri bilen gün görýändigini aýdýan maşgalalar bilen gürleşdim" - diýip, guramanyň baş sekretary Egan Egeland 27-nji sentýabrda Kabula eden saparynda aýtdy.

"Talyban" tarapyndan amala aşyrylan hüjüme sezewar edilen ýurduň täze häkimiýetine nähili garamalydygyny etek kesgitleýän köp döwlet Owganystana kömegini doňdurdy, bu ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna sebäp boldy we millionlarça adamyň bahalaryň ýokarlanýan wagtynda kynçylyk çekmegine getirdi.

Ýüzlerçe müň adam öýlerinden göçürildi. Adamlar öňde garaşýan gyşdan halas bolmak üçin başpena, egin-eşik we azyk önümlerine mätäçlik çekýär.

“Gyşyň gelmeginden we howanyň temperaturasynyň -20 gradusa çenli peselmezden ozal adamlary halas etmek üçin wagt ýitirmezlige synanyşýarys. Öňümizdäki hepdelerde ýüzlerçe müň göçürilen adama gyssagly gaçybatalga, ýyly eşik we iýmit gerek. Ýanwar aýyndan bäri Owganystanda 664 000-den gowrak adam başga ýerlere göçürildi" diýlip, Norwegiýanyň Bosgunlar Geňeşiniň resmisi aýtdy.

Guramanyň beýanatynda Owganystanyň içende göçürilenleriň umumy sanynyň 3,5 milliona ýetendigi aýdylýar. Owgan maşgalalarynyň 93%-den gowragynyň ýeterlik iýmit tapmaýandygy bellenýär.

XS
SM
MD
LG