Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada koronawirusdan ölenleriň sany gündelik rekord derejesine ýetdi


Rus saglyk işgäri COVID-19 näsagyny Moskwadaky keselhana toplumyna äkidýär.

Russiýa 28-nji sentýabrda soňky 24 sagadyň dowamynda 852 adamyň koronawirusdan ölendigini hasaba aldy. Bu pandemiýa başlanaly bäri Russiýada hasaba alnan iň ýokary gündelik görkezijidir. Bu waka wirusyň Delta görnüşi bilen bagly keselleýänleriň köpelmeginiň we gowşak sanjym kampaniýasynyň yzýanyna gabat geldi.

Öňki rekord dereje 24-nji sentýabrda hasaba alnypdy. Şonda 24 sagadyň dowamynda wirusdan ölenleriň sany 828 adama deň boldy.

Täze san Russiýada Covid-19-dan ölen adamlaryň sanyny 205 müň 531-e ýetirdi. Bu Ýewropadaky iň ýokary görkezijidir.

Koronawirus ýokuşanlaryň sany boýunça dünýäde bäşinji orunda durýan Russiýada wirusa ýolugýanlaryň sany, sanjym kampaniýasynyň gowşamagy bilen, geçen aýdan bäri ýokarlanýar. Häzire çenli Russiýanyň ilatynyň 7 miliondan gowragyna koronawirus ýokuşdy.

Pikir soralyşyklar ruslaryň sanjyma müňkürlik bilen seredýändigini we olaryň aglabasynyň sanjym etdirmegi planlaşdyrmaýandygyny görkezýär.

Gogow websaýtynyň maglumatyna görä, 28-nji sentýabra çenli ilatyň diňe 28 göterimine doly sanjym edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG