Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Gazagystan sebitinde guş dümewi ýaýraýar


Demirgazyk Gazagystan sebitiniň kartasy
Demirgazyk Gazagystan sebitiniň kartasy

Demirgazyk Gazagystan sebitiniň Magžan Žumabaýew etrabynyň Lebýažýe obasynda guş dümewiniň ýaýraýandygy hasaba alyndy. Soňky bir hepdäniň dowamynda ýedi fermanyň keteklerinde müňden gowrak öý guşy öldi. Oba karantin astyna alyndy.

"Guş dümewi" diagnozy Milli weterinariýa referens merkezinde geçirilen laboratoriýa derňewlerinde tassyklandy” diýip, Demirgazyk Gazagystan sebitiniň Akimat weterinariýa bölüminiň öňüni alyş we kesgitlemek bölüminiň baş hünärmeni Nariman Tasbolatow aýtdy.

Şeýle-de ol, geçirilen epizootik derňewiň netijelerine görä, ýokanç keseliň öý guşlarynyň suw howdanyndaky ýabany guşlar bilen garylyp-gatylmagy esasynda ýokuşandygyny belledi.

Tasbolatowyň sözlerine görä, wirus ähtimallygyny barlamak üçin goňşy obalardaky guş fermalarynda hem barlag geçirilipdir.

Demirgazyk Gazagystan sebiti şu ýyl guş dümewiniň öňüni almak üçin 1,2 million dozada sanjym aldy.

Lebýažýe obasynda bir ýarym müňden gowrak guşa sanjym edildi. Ýokary derejeli guş dümewiniň ýaýramagy netijesinde, 2020-nji ýylyň aýagynda sebitde bir ýarym milliondan gowrak öý guşy öldi.

XS
SM
MD
LG