Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dissident şahyr Atabek türmeden hassahana geçirildi, gazak resmileri dymýar


15 ýyl bäri türmede oturan şahyr Aron Atabek

2007-nji ýyldan bäri gazak türmesinde oturan dissident şahyr Aron Atabek, 68 ýaşly bendiniň saglygynyň ýaramazlaşýandygy baradaky habarlar arasynda, keselhana ýerleşdirildi. Demirgazyk Pawlodar şäherinde adam hukuklaryny goraýan Ýelena Semýonowanyň 28-nji sentýabrda Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, ol bir gün öň AP-162/1 düzediş koloniýasyndaky türme ýolbaşçylaryndan Atabegiň birnäçe gün ozal 1-nji şäher hassahanasyna getirilendigini eşidipdir.

"Ol doly gözden geçirilýär we berilýän witaminleri alýar. Synaglaryň we barlaglaryň doly toplumyndan soň diagnoz goýlar we bejergi kesgitlener" diýip, Semýonowa Atabegiň saglyk ýagdaýy barada jikme-jik maglumatynyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Azatlygyň Gazak gullugy Atabegiň ýagdaýy barada ne 1-nji hassahananyň lukmanlaryndan, ne-de Döwlet jeza gullugynyň işgärlerinden düşündiriş alyp bildi.

Atabegiň hassahana ýerleşdirilmegi 2500-den gowrak adamyň prezident Kasym-Žomart Tokaýewe petisiýa bilen ýüz tutmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Prezidente iberilen hatda şahyryň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy aýdylýar we onuň türmeden boşadylmagy soralýar.

Gazak häkimiýetleri garaşsyz metbugat, aktiwistler ýa-da syýasy garşydaşlar etsin, tapawudy ýok, tankyda örän çydamsyzlyk görkezýär.

Gazagystandaky adam hukuklary toparlary Atabegiň türmede yzygiderli gynalýandygyny, saglygyna zyýan bermek üçin, garawullaryň onuň kamerasynyň poluna bilkastdan köp hlor garylan suw sepýändigini aýtdylar.

Ýerli we halkara hukuk guramalary indi birnäçe ýyl bäri Gazagystanyň hökümetinden Atabegiň boşadylmagyny talap edýär.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň geçen aý türmä baryp, dissident şahyr bilen düşen suratlary jemgyýetçilikde uly gahar-gazap döretdi. Ol suratda şahyryň halys bolandygy, gaty horlanandygy we haldan gaçandygy görünýär.

Şahyr polisiýa işgäriniň ölümine sebäp bolan protestleri gurnamaga kömek etmekde aýyplanyp, 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Emma Atabek özüniň bigünädigini aýdýar. Ol 2012-nji ýylda günäsini boýun almak şerti bilen teklip edilen hökümet amnistiýasyny ret etdi.

Şol wagtky prezident Nursoltan Nazarbaýewi we onuň hökümetini tankytlaýan makalasy türmeden ýaşyrynlykda çykarylyp, onlaýnda çap edileninden soň, Atabek 2012-nji ýylyň dekabrynda ýeke adamlyk kamera geçirildi we iki ýyl şol ýerde saklandy.

Atabegiň we garyndaşlarynyň sözlerinde görä, türme sakçylary 2014-nji ýylda onuň aýagyny döwdüler, ýöne häkimiýetler muny ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG