Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa öňümizdäki aý G20-niň Owganystan sammitine beýemçilik eder


G20 liderleri Osaka sammitinde. Iýun, 2019. Arhiw suraty.
G20 liderleri Osaka sammitinde. Iýun, 2019. Arhiw suraty.

Italiýa 12-nji oktýabrda ykdysady taýdan ösen 20-ler toparynyň (G20-niň) Owganystana bagyşlanjak nobatdan daşary sammitine beýemçilik etmegi meýilleşdirýär. Geçen aý “Talyban” Kabulda häkimiýeti ele geçirenden soňra, Owganystan gumanitar betbagtçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Italiýada geçiriljek sammiti mälim eden premýer-ministr Mario Dragi 29-njy sentýabrda beren beýanatynda “Owganystanda gumanitar betbagtçylygyň öňüni almak üçin çäre görmek dünýäniň iň baý ýurtlarynyň borjudyr” diýdi.

Şeýle-de, sammit Owganystanyň “halkara terrorçylygyň ojagyna öwrülmeginiň” öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiliginiň görüp biljek çärelerine hem sereder diýip, Dragi aýtdy. Italiýa G20 forumynyň aýlanýan prezidentligine eýeçilik edýär.

Geçen aý “Talybanyň” amala aşyran agyr hüjümleriniň yz ýany Günbatar goldawly hökümet çökenden soňra, halkara guramalary we hökümetler kömek pullarynyň aşa yslamçy toparyň eýeçiligine geçmeginiň öňüni almak üçin Owganystana ýardam ibermegi togtatdy.

Halkara ýardamlaryň togtadylmagy uruşdan ejir çeken ýurtda ykdysady ýagdaýyň has-da ýaramazlaşmagyna getirdi. Owganystanda millionlarça adam aşa ýokarlanýan bahalar bilen göreşmäge terk edildi. Içerki bosgunlyga sezewar bolan ýüzlerçe müň adam öňümizdäki gyşdan halas bolmak üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýyna, egin-eşige we azyk önümlerine mätäçlik çekýär.

XS
SM
MD
LG