Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde 1999-njy ýylda bolan partlamalara dahylly adam tussag edildi


Türküstan yslam hereketiniň tussag edilen agzasy (Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň metbugat gullugynyň suraty)
Türküstan yslam hereketiniň tussag edilen agzasy (Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň metbugat gullugynyň suraty)

Döwlet howpsuzlyk gullugynyň işgärleri 1999-njy ýylyň 16-njy fewralynda we 30-njy martynda Daşkentde bolup geçen terrorçylykly hüjümleri bilen baglanyşykly, 23 ýyl gözlenýän adamy tussag edip, Özbegistana getirdiler.

Ýerli media bu habary Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň metbugat gullugyna salgylanyp çap etdi.

Güýç gurluşlarynyň maglumatlaryna görä, 1969-njy ýylda Daşkent sebitinde doglan, Türküstan yslam hereketiniň agzasy bolan Ý.Ž. Özbegistan respublikasynda eden agyr jenaýatlary üçin gözlenýän adamlaryň halkara sanawyna girizildi. Emma döwlet howpsuzlyk gullugy ýörite gulluklaryň Özbegistana getiren adamynyň haýsy ýurtda saklanandygyny aýtmady.

Aýdylmagyna görä, tussag edilen 1998-nji ýylyň başynda Çeçenistana gidip, Iordaniýaly Amir Hattabyň döreden söweşjeň lagerinde ýörite tälim alyp, soň Owganystandaky halkara terrorçylyk guramasyna, Türküstan yslam hereketine goşuldy.

“1999-njy ýylyň ýanwarynda, guramanyň ýolbaşçylarynyň görkezmesi bilen, ol aýlawly ýollar arkaly Daşkende gelip, baý adamlaryň öýlerini talady we ele salan pullaryny, gymmat bahaly zatlary Owganystandaky Türküstan yslam hereketiniň ýolbaşçylaryna iberdi” diýip, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de tussagyň 1998-nji ýyldan 2006-njy ýyla çenli daşary ýurtlardaky halkara terrorçylyk guramalarynyň hatarynda söweşendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG