Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar: Belarus KGB-si teswir üçin 50 adamy tussag etdi


Andreý Zeltser
Andreý Zeltser

Belarusda soňky günlerde sosial ulgamlarda çap edilen teswirler bilen baglylykda, döwlet işgärini kemsitmek we ýigrenji öjükdirmek aýyplamalary bilen, 50 töweregi adam tussag edildi diýip, Belarusyň “Wesna-96” adam hukuklary topary habar berdi.

“Wesna” we Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy tussag edilenleriň atlaryny we olaryň garyndaşlarynyň beren görkezmelerini çap etdi.

Bu tutda-baslyklar IT kompaniýasynyň 31 ýaşly işgäri Andreý Zeltseriň we döwlet howpsuzlyk býurosynyň işgäriniň ölümine sebäp bolan atyşygyň wideo ýazgysynyň aşagynda galdyrylan teswirler bilen baglanyşykly.

Wideo ikinji gün çap edildi. Belarus häkimiýetleriniň şol wagt beren düşündirişine görä, Zeltser terrorçylyk bilen bagly adamlary gözläp, Minskdäki kwartirasynyň gapysyny döwen hukuk goraýjy işgärlere ot açypdyr.

Belarusda teswirçileriň birnäçesi bu wideonyň hakyky bolan wakany görkezýändigine şübhelenýär.

Emma Belarus oppozisiýasynyň görnükli wekilleri onuň asyl nusgadygyny aýdýarlar. Prezidentlige kandidat bolan Waleriý Tsepkalo bu wakada Aeksandr Lukaşenkanyň režimini günäkärledi we Zeltseriň hereketlerini ýazgarman, onuň "nähili göreşmelidiginiň nusgasy" bolandygyny aýtdy.

Bu sözler üçin Tsepkalo garşy Belarusda ýene bir jenaýat işi açyldy.

XS
SM
MD
LG