Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talybanyň" metbugat wekili ejesiniň patasynda bomba ýarylandygyny aýdýar


 "Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid
 "Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid

"Talyban" resmisi Kabulyň daşyndaky metjidiň golaýynda ýarylan bomba hüjüminde ýogalan ejesi üçin doga-dileg etmäge gelen asuda adamlaryň birnäçesiniň öldürilendigini aýtdy.

"Bomba partlamasy Kabuldaky Eidgah metjidiniň girelgesiniň golaýyna toplanan adamlaryň zähresini ýardy” diýip, "Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid 3-nji oktýabrda twitterde ýazdy.

“Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Içeri işler ministrliginiň metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň başlygy Saýed Hosti Azatlyk Radiosyna iberen WhatsApp habarynda partlamada iki adamyň ölendigini we iki adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Hosti hüjüm bilen baglanyşykly üç adamyň tussag edilendigini aýtdy.

“Talybanyň” metbugat sekretary Mujahid ozal twitterde ejesiniň patasynyň 3-nji oktýabrda, Kabuldaky Eýdgah metjidinde sagat 2-den 5-e geçiriljekdigini habar berdi.

Partlamanyň doga-dileg çäresinden öň ýa-da onuň bolup duran wagtynda bolup geçendigi aýdyň däl, hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady.

XS
SM
MD
LG