Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Irki netijeler Gürjüstanda häkimiýet başyndaky partiýanyň öňdedigini görkezdi


Dolandyryjy “Gürji arzuwy” partiýasynyň 46,7% ses toplandygy yglan edildi

Gürjüstanda saýlawlaryň gutarnykly netijeleri, ýokary dartgynlylyk, saýlaw galplyklary baradaky aýyplamar we bu Günorta Kawkaz ýurdunyň iki esasy syýasy güýjüniň ýeňiş gazanandygy baradaky irki beýanatlary ýaly ýagdaýlaryň fonunda ýerli saýlawlarda dolandyryjy partiýanyň bäsdeşlerinden has öňde durýandygyny görkezýär.

3-nji oktýabrda Merkezi saýlaw komissiýasynyň eden beýanatyna görä, ýurduň 3 743 uçastogynyň birinden başga ählisiniň netijeleri dolandyryjy “Gürji arzuwy” partiýasynyň 46,7% ses toplandygyny görkezýär.

Esasy oppozisiýa partiýasy, Birleşen Milli Hereket (ENM) 30,7% sese eýe boldy. Galan sesler 48 partiýanyň arasynda paýlandy.

Tbilisi, Batumi, Kutaisi, Poti we Rustawi şäherleriniň häkimi wezipelerine hiç bir kandidat ýeterlik ses toplamansoň, saýlawlaryň ikinji tapgyry yglan edildi.

Bütin ýurt boýunça saýlawlar 2-nji oktýabrda ýokary gapma-garşylyk ýagdaýda geçirildi.

ÝHHG-niň synçy missiýasy ses berişligiň "umuman gowy dolandyrylandygyny" aýtdy, ýöne gorkuzmak we ses satyn almak ýaly aýyplamalaryň ýüze çykandygyny belledi.

Ses berişligiň öňüsyrasynda öňki prezident we ENM partiýasynyň esaslandyryjysy Mihail Saakaşwiliniň Ukrainadaky sürgünden gaýdyp, oppozisiýany goldamak üçin gelmeginden soň tussag edilmegi dartgynlylygy hasam güýçlendirdi.

3-nji oktýabrda premýer-ministr Irakli Garibaşwili ygtyýarlykdan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, 2018-nji ýylda gaýybana türme tussaglygyna höküm edilen Saakaşwiliniň tussaglyk hökümini berjaý etmelidigini aýtdy. Saakaşwili özüne bildirilýän aýyplamalaryň syýasy sebäplidigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG