Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'BioNTech': wirusyň üýtgemegine garşy durmak üçin waksinalar üýtgedilmeli bolup biler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

"Pfizer" bilen bilelikde COVID-19 keseline garşy ilkinji sanjymyny döreden nemes biotehnologiýa "BioNTech" firmasynyň baş müdiri, wirusyň geljekdäki mutasiýalaryndan goranmak üçin 2022-nji ýylyň ortalaryna täze formulanyň gerek boljakdygyny aýtdy.

Ugur Sahin 3-nji oktýabrda "Finansal Taýms" gazetine beren interwýusynda wagtyň geçmegi bilen wirusyň mutasiýa bolmagynyň bedeniň immunitetini peselder diýdi.

Şu ýyl täze sanjym zerur däl bolsa-da, "indiki ýylyň ortalaryna başga ýagdaý bolup biler" -diýip Sahin, häzirki wagtda dünýäniň köp böleginde agdyklyk edýän "Delta" ştammynyň has ýokançlydygyny, ýöne häzirki waksinalaryň oňa garşy netijesiz däligini belledi.

Güýçlendirilen waksinanyň immuniteti saklamaga kömek etjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Emma wirusyň mutasiýasynyň dowam etdirýändigi sebäpli sanjymlaryň netijeliliginiň gowşap biljekdigini Sahin aýtdy.

"Bu wirus galar we wirus hasam uýgunlaşar" -diýip, Ugur Sahin aýtdy.

Käbir ýurtlar garry we saglyk taýdan töwekgelçilik astyndaky adamlar üçin güýçlendiriji kampaniýany başlaýarlar.

4-nji oktýabrda ÝB-niň derman serişdelerini düzgünleşdiriji edarasynyň COVID-19 garşy BioNTech/Pfizer güýçlendiriji sanjymyny tassyklap-tassyklamazlyk barada karar çykarmagyna garaşylýar. Ýewropanyň Medisina Guramasy (EMA) atyş üçin goldaw berýär, 27 agzaly bloga ABŞ, Britaniýa we Ysraýyl goldaw berip biler.

XS
SM
MD
LG