Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Pandora” dokumentleri Alyýewiň, Zelenskiniň we beýleki dünýä liderleriniň gizlin baýlygyny paş edýär


“Pandora dokumentleri” faýllara häzirki we öňki ýolbaşçylar we 300-den gowrak resmi barada maglumat girýär.
“Pandora dokumentleri” faýllara häzirki we öňki ýolbaşçylar we 300-den gowrak resmi barada maglumat girýär.

Maliýe dokumentleriň giňden ýaýramagy Azerbaýjanyň we Ukrainanyň prezidentleriniň, şeýle hem dünýäniň ýüzlerçe syýasatçylarynyň we milliarderleriniň baýlygyny gizlemek üçin salgytdan azat zonalaryny ulanýan kompaniýalar bilen aýdylýan arabaglanyşygynyň üstüni açdy.

“Pandora kagyzlary” diýlip atlandyrylýan ofşor kompaniýalaryndan alnan faýllara 35 sany häzirki we öňki ýolbaşçylar we 300-den gowrak resmi barada maglumat girýär.

Derňeýji žurnalistleriň Halkara Konsorsiumy (ICIJ) tarapyndan gurnalan iň uly dokumentler toplumy 3-nji oktýabrda çap edildi.

Derňewlerde Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň maşgalasynyň Britaniýadaky emläk şertnamalaryna gizlin gatnaşandygy anyklandy. ICIJ konsorsiumynyň bir bölegi bolan Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa boýunça hasabat proýektine (OCCRP) görä, ofşor kompaniýalaryny ulanmak bilen takmynan 700 million dollarlyk şertnama baglaşylypdyr.

Gizlin dokumentler şeýle hem, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň we onuň ýakyn adamlarynyň, Londonda gymmat bahaly emläkleri öz içine alýan ofşor kompaniýalaryndan peýdalanandyklaryny görkezýär.

Ýaýradylan beýleki resminamalarda Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň “resmi däl üçünji aýalynyň” “tas mugt diýen ýaly” 30 million dollara eýe bolandygy görkezilýär.

Bu maglumatda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Monakodaky gizlin emläkler bilen baglanyşygy görkezilýär.

Derňew konsorsiumyna girýän "Washington Post" gazeti 2003-nji ýylyň aprelinde Karib deňziniň Tortola adasynda ýerleşýän ofşor kompaniýasynyň üsti bilen Monako kwartirasynyň eýesi rus zenan Swetlana Kriwonogih barada habar berdi. Bu zenan agzalan jaýa gyz çagany dogurmagynyň yzýany eýe boldy.

ABŞ-niň gazeti Orsýetiň "Proýekt" neşirine salgylanyp, zenanyň şol wagt Putin bilen gizlin we köp ýyllyk gatnaşykda bolandygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG