Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haryt belgisi "Çingizhan". Hytaý mongollary nädip özüne birleşdirýär


Içerki Mongoliýanyň çarwalary
Içerki Mongoliýanyň çarwalary
Hytaý häkimiýetleri öz çäginde – Içerki Mongoliýa awtonom sebitinde ýaşaýan mongollary kem-kemden özüne goşup-garmak ugrunda syýasat alyp barýar. Bu maksat üçin, Çingiz hanyň hytaýlydygyny yglan edýän, iň geň usullary-da ulanýar.

Hytaýyň Içerki Mongoliýa awtonom sebitiniň umumy ilat sany Mongoliýanyňkydan sekiz esse köp, emma sebitiň territoriýasy bir ýarym esse kiçi. Şol bir wagtyň özünde, Içerki Mongoliýadaky mongollar öz topragynda etniki azlykdyr, olar diňe 17% bolup, galan 80%-e golaýyny hytaýlylar, has takygy hanlar düzýär. Içerki Mongoliýanyň hökümetine ýakynda Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Liaoning welaýatynda doglan we önüp-ösen mongol syýasatçysy, 57 ýaşly Wang Lisýa bellendi. Wang Lisýadan öň Içerki Mongoliýadaky ähli partiýa ýolbaşçylary şol sebitiň özündendi.

Geçen ýyl Pekin Içerki Mongoliýanyň mekdeplerinde mongol dilini okatmagyň bes edilmeginiň meýilleşdirýändigini yglan etdi, bu uly nägilelik döretdi.

Häzirki Içerki Mongoliýanyň territoriýasy XVII asyrda Hytaýa birikdirilipdi. 1949-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasy döredilenden soň, Içerki Mongoliýa awtonom sebit diýlip yglan edildi, aslynda ol Hytaýyň bir welaýatydy.

“Medeni rewolýusiýa” döwründe Içerki Mongoliýa yzarlanýanlaryň köpüsi üçin sürgün mekanyna öwrüldi. Ýazyjy Jiang meşhur "Seždesi – Möjek” romanynda, Pekinden bolan ýaş studentiň "täzeden terbiýelenmek" üçin, Içerki Mongoliýa iberilişi beýan edilýär. Student göçüp-gonup ýören mongol çarwalarynyň düşelgesiniň golaýynda ýaşaýar. Iň köp satuwa çykan bu roman esasynda fransuz režssýory Žan-Žak Anno şol at bilen film döretdi. (Anno Hytaý Halk Respublikasynda henizem gadagan edilýän “Ýedi ýyllap Tibetde” atly beýleki bir meşhur filmiň hem awtorydyr; režissýora ýaňy-ýakynda Hytaýa girmek gadagan edildi.)

Romanda, şol sanda filmde, mongol çarwalarynyň durmuşy, olaryň Hytaýyň täze kommunistik ýolbaşçylary bilen çylşyrymly gatnaşyklary görkezilýär. Şol döwürde eýýäm mongol däp-dessurlaryna kän bir ähmiýet berilmeýärdi. “Mongollaryň taryhyny biziň duşmanlarymyz ýazdyrlar” diýip, “Seždesi – Möjegiň” gahrymanlaryň biri – garry mongol aýdýar. Şonuň bilen birlikde, başga bir görnüş hem ünsi çekýär. Möjekler tarapyndan ýaralanan oglan penisilliniň kömegi bilen gutulanda, baş gahryman muny häzirki zaman medisinasynyň güýji bilen düşündirýär. Söýgüli mongol gyzy oňa: "Sen hytaýlysyň" diýip jogap berýär, onuň sagalmagyny "gudrat" hasaplaýar.

Içerki Mongoliýany işjeň şäherleşdirmek hereketi 1990-njy ýyllaryň aýagyndan başlanandygyny Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Ekologiýa we ewolýusiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, Taryh ylymlarynyň doktory Surun-Handa Syrtypowa belleýär. Hytaý döwletiniň kabul eden maksatnamasyna laýyklykda, Içerki Mongoliýanyň şäherleşmeginiň çalt ösmegi netijesinde, olaryň medeniýeti hakykat ýüzünde çöküp başlady. Döwlet maksatnamasyna görä, ol sebitde şäher ilatynyň paýyny 2010-njy ýyldan 2025-nji ýyla çenli 70%-e ýetirmek göz öňünde tutulýar. Maksatnamany durmuşa geçirmek üçin, güýçli serişde bölünip berildi.

— Kim oba hojalygy, şol sanda maldarçylyk bilen meşgullanýan bolsa, olar gyssagly gurlan şäherlere göçürilip başlandy, gök önüm ýa-da bakja-baglaryndan we öri meýdanlaryndan ýüz öwren adamlara ýeňillikler berildi. Bu ýagdaý mongol çarwalaryna has agyr täsir etdi, sebäbi maldarçylyk giň meýdany hem erkin hereket etmegi talap edýär, ilatly punktlar, beton ýollar ýa-da oba hojalyk işleri olaryň örüsini daraldýar. Şeýle-de bolsa, çopanlara öri meýdanlaryny çäklendirmek tabşyryldy. Beýle çäre mongollar üçin däp bolan medeniýetiň ykdysady esaslarynyň ýok edilmegini aňladýar. Hakyky manysyndaky öri meýdany Mongol platosynyň geografiki zolagyndan üzňelikde, üstesine-de çäklendirilen şertde bolup bilmez. Ikinji bir uly maksatnama – çöl we sähra ýerlerini ýaşyllaşdyrmak boldy. Hytaý munuň üçin administratiw hem maliýe dolandyryşynyň ähli güýjüni gönükdirdi. Däp bolup gelen eklenç serişdelerini ýitiren mongol çarwalary gök ekmek we ähli ýeri ýaşyllaşdyrmak, olara ideg etmek bilen meşgullanmaga mejbur boldular. Ýeri gelende aýtsak, bu iş üçin döwlet býujetinden gowy hak tölendi.

Surun-Handa Syrtypowa
Surun-Handa Syrtypowa

Şol bir wagtyň özünde Hytaýa mahsus bolan usulda, mongollary "medeni" assimilýasiýa etmek syýasaty alnyp barylýar. Mongol medeniýeti diňe ýerden hem tebigatdan peýdalanmakda, adaty däp bolan mongol usullary saklanyp galan ýagdaýynda, öz diriligini dowam etdirip biljekdi. Eger ol mümkinçilikler aýrylsa, adam döwlete bagly bolan ýönekeý bir gurala öwrülýär, çarwa medeniýetiniň kökleri çüýreýär, onsuz mongol medeniýeti ýaşap bilmeýär.

Şäherleşme prosesine itergi bermek häzirki zaman Hytaý hökümetinde, ösen Günbatarda bolşy ýaly, ykdysady ösüşiň we gülläp ösmegiň açary hökmünde garalýar. Giň tebigaty öri meýdanlary üçin ulanmak, hatda kiçi bag-bakjaçylyk ýerleriniň peýdalanmagy hem ýeriň bagyşlap bolmajak zaýaçylygy hökmünde garalýar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda Içerki Mongoliýada maldarçylygyň ornuna getirilen oba hojalygy näderejede netijeli?

Surun-Handa Syrtypowa: Gep şonda, ol ýeriň tebigy we geografiki şertleriň öri meýdany üçin örän amatlydy, ýöne ekerançylyk üçin amatsyz, ol ýer töwekgelçilikli we uly maýa goýumlaryny talap edýär. Içerki Mongoliýanyň alymlary – biologlar, geologlar, geograflar häzirki syýasatyň ýalňyşdygyny düşündirmäge synanyşýarlar. Ýeriň böleklere bölünmegi ekosistemany bozýar, biologiki dürli-dümenlige howp salýar, yzygiderli hem üýtgewsizlik ekerançylyk, ýagny ýeri bir görnüşli ekin üçin peýdalanmak ýaly howply zat ýok. Şoňa görä, bu ýerde öri meýdanlaryny ulanmak köp asyrlaryň dowamynda dowam edip geldi, sebäbi ol adam ýaşaýşyny goldamagyň iň amatly usulydy.

Azatlyk Radiosy: Tibetde hem Sinjiang uýgur awtonom sebitinde ýerli ilaty hytaý hanlaryna goşup-garmaga synanyşýarlar, ol ýere hanlaryň köpçülikleýin göçürilmegi köplenç ýaragly garşylyga sebäp bolýar. Hytaýda ýaşaýan mongollar şeýle garşylyk görkezdimi?

Surun-Handa Syrtypowa: Mongollar, elbetde, çarwa ýerleriniň ekinçilige öwrülmegine garşy çykdylar, bu mongol we hytaý medeniýetiniň çaknyşygydy. Çopanlaryň asfalt ýoluny çekýänleriň öňünde janly böwet bolan halatlary bar, olar ýoluň ugrunda ýatdylar, ýöne eline ýarag almadylar, beýle ýagdaý maňa mälim däl. Parahatçylykly usullar bilen maksadyna ýetmäge synanyşýarlar. Gynansak-da, bu kän bir kömek edenok. Assimilýasiýa çalt depginde dowam edýär.

Ol ýerde hakykat ýüzünde nämeleriň bolup geçýändigi hakda gaty az bilýäris. Hytaý metbugaty bu barada ýazmaýar, bar zady diňe şahsy aragatnaşykdan öwrenip bolýar.

Azatlyk Radiosy: Ýöne olaryň golaýynda, ilatyň gürlük derejesi has pes bolan Mongoliýa bar. Içerki Mongoliýanyň mongollar ol ýere göçjek bolanoklarmy?

Surun-Handa Syrtypowa: Şeýle ýagdaý köp däl. Owaly bilen, halha mongollary (Mongoliýanyň ilatynyň esasy bölegini emele getirýänler) olary mähirli garşylamaýarlar. Içerki Mongoliýanyň territoriýasy Hytaýyň çägine goşulany bäri geçen 300 ýylda, hytaý mongollary bilen halha mongollarynyň arasyndaky medeni tapawut gaty uly. Soňkularyň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda mongol dilinde gürleýänleri az, Hytaýyň assimilleşdirmek syýasaty, elbetde, öz täsirini beripdir. 2001-nji ýylda Huh-hoto uniwersitetinde talyplaryň ählisi diýen ýaly mongol dilinde gürleýärdi. 2017-nji ýylda ol ýere baranymda, mongol dilinde berlen soraga erkin jogap berip biljek okuwçyny tapmak gaty kyn boldy.

Onsoň Hytaýdan kanuny esasda çykmak hem aňsat däl, şonuň üçin emigrantlaryň uly akymy ýok. Mongoliýanyň raýatlygyny almak hem aňsat iş däl, Ulan-Batoryň häkimiýetleri "gaçyp gelenlere" mongol pasportyny bermeýär. Mongoliýada şindiz migrantlary köpçülikleýin kabul etmäge serişdeler az, iş tapmakda kynçylyklary bar, sosial üpjünçilik we ş.m. Eşidişime görä, köp adam öz milli aslyny saklamak isleýär.

Azatlyk Radiosy: Hytaýda mongollar bilen han halkynyň arasyndaky gapma-garşylygyň taryhy kökleri barmy? Galyberse-de, häzirki mongollar bir wagtlar Hytaýy basyp alanlaryň nesilleri ahyryn. Mongoliýada Çingiz hanyň kulty örän ýokary. Onuň hormatyna Ulan-Bataryň halkara aeroportunda uly ýadygärlik gurlup, ol menzil onuň hormatyna atlandyryldy...

Surun-Handa Syrtypowa: Hytaý häkimiýetleri mümkin boldugyça berk çäre görmekden gaça durýarlar. Olar täze ýerleri özüne almak üçin, parahatçylykly, "mahmal" diýilýän usuly ulanýarlar. Mysal üçin, Çingiz han barada aýdylanda – ony diňe hytaýly diýip yglan etdiler! Hemme zat öz ornuna düşen ýaly: Çingiz han hytaýly, şonuň üçin töweregindäkileriň ählisi hem hytaýly, mongollar hanlaryň diňe bir bölegi, olar "bir halk". Mongol we hytaý mongollary Çingiz hanyň henizem hytaýly däl, eýsem mongoldygyny öňe sürüp, meseläniň şeýle goýulmagyna garşy çykýarlar. Ýöne muňa "hytaý diwary" garşy durýar, ýagny ýönekeý nadanlyk päsgel berýär, häzirki zaman ýaşlary köplenç taryh meselesinde düşünjesiz. Mongol imperiýasyny esaslandyryjyny hytaýly diýip yglan etmek, örän mekir, şol wagtyň özünde-de aldaw üçin täsirli usulydyr. Galyberse-de, Çingiz han hytaýly bolsa, orta asyrlardaky mongollaryň uly ýeňişleri hem hytaýlylara degişlidir.

Ulan-Batordaky Çingiz hana goýlan ýadygärlik
Ulan-Batordaky Çingiz hana goýlan ýadygärlik

Azatlyk Radiosy: Şeýle pikir taryhdan okuw kitaplarynda aýdylýarmy ýa-da telewizion tapgyrlarda görkezilýärmi?

Surun-Handa Syrtypowa: Hytaýda "hytaýlylaryň", ýagny Çingiz hanyň we çingizlileriň dünýäni basyp alandygyny görkezýän, köp sanly gerografiki karta çap edildi. Şeýle hem hytaýlylaryň gaty gowy ulanýan usuly bar: olar "haryt belliginden" peýdalanýarlar. Hytaýda harytlar we söwda bellikleri "beýik hytaý serkerdesi" Çingiz hanyň adyny göterýär. Bu basyşa garşy durmak üçin, Mongoliýa hatda iki ýylda Ulan-Batoryň merkezinde, Çingiz hanyň adyny göterýän ullakan dokuz burçly taryhy muzeý gurdy, ol ýerde çarwa mongol döwletliliginiň iki müň ýyldan gowrak taryhy görkezilýär. Galyberse-de, Çingiz han dünýäde iň meşhur mongoldyr. Mongoliýanyň milli we medeni aýratynlyklaryny gorap saklamak üçin, onuň ady gaty möhümdir. Hytaý häkimiýetleri bolsa Çingiz hanyň adyny öz ykdysady we ideologiki bähbitleri üçin ulanmak ugrunda jan edýär – diýip, taryh ylymlarynyň doktory Surun-Handa Syrtypowa nygtaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG