Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Demirgazyk Akym 2” geçirijisi rus gazy bilen doldurylyp başlandy


“Demirgazyk Akym 2” gazgeçirijisi (arhiw suraty)

Russiýanyň “Demirgazyk Akym 2” gazgeçirijisiniň operatory Baltik deňziniň düýbi bilen Germaniýa uzaýan dawaly geçirijini gaz bilen dolduryp başlady.

Düýbi Şweýsariýada ýerleşýän, şeýle-de Russiýanyň gaz läheňi “Gazpromuň” golçur kärhanasy tarapyndan eýeçilik edilýän “Demirgazyk Akym 2 AG” kompaniýasynyň 4-nji oktýabrdaky beýanatyna görä, geçirijiniň birinji bölegi, gerekli enjamlary gurmak we basyşy üpjün etmek maksady bilen, tapgyrlaýyn esasda gaz bilen doldurylýar.

Bu gazgeçirijiniň doly işläp başlamagy ugrunda edilen ýene bir ädim boldy.

Bu aralykda, Ýewropada tebigy gaz gorlary peselýär we energiýa bahalary ýokarlanýar. Bu gyşky ýyladyş möwsüminiň öňüsyrasynda sebitiň koronawirus pandemiýasyndan soňky ykdysady dikelişine wehim salýar.

Germaniýanyň mediasy gazyň eýýäm şu aý akyp başlamagynyň mümkindigini habar berýär.

“Demirgazyk Akym 2” proýekti rus gazyny Ukrainanyň territoriýasyndan sowa geçip, gönümel Germaniýa ibermegi göz öňünde tutýar. Munuň netijesinde, Ukraina ýyllyk 2 milliard dollar möçberindäki tranzit töleglerinden mahrum galar.

Ukraina proýektiň durmuşa geçmezligi ugrunda tagalla edýär. Kiýew Ýewropany Moskwanyň gazgeçirijiniň üsti bilen syýasy we ykdysady basyşy etmek üçin ulanyp biljekdigini duýdurýar.

Birleşen Ştatlar “Demirgazyk Akym 2” proýektine garşy çykýar. Emma maýda prezident Jo Baýden Germaniýa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak üçin, kongres tarapyndan ygtyýar berlen sanksiýalary ýatyrmaga razy boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG