Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty “Talybanyň” 13 etniki hazaralyny “öldürendigini” aýdýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” (AI) topary Owganystanda awgustyň ortasynda “Talyban” güýçleriniň paýtagt Kabuly eýelemeginden iki hepde soňra, toparyň 13 etniki hazaralyny, şol sanda 17 ýaşly bir gyzy öldürendigini habar berýär.

Düýbi Londonda ýerleşýän guramanyň 5-nji oktýabrda ýaýradan beýanatyna görä, Owgan Milli howpsuzlyk güýçleriniň 11 agzasy, şeýle-de parahat ilatyň arasyndan iki adam 30-njy awgustda Daýkundi welaýatynyň Kahor obasynda öldürilipdir. Olar “Talyban” ýaraglylarynyň gelmeginden öň, sebiti terk etmäge synanyşypdyrlar.

Şaýatlaryň “Amnesty International” toparyna aýtmagyna görä, owgan howpsuzlyk güýçleriniň dokuz agzasy “Talybana” tabyn bolanyndan soň, öldürilipdir. Topar munuň “uruş jenaýatyna” çalym edýändigini belleýär.

“Amnesty International” hatara düzülen 11 adamyň jesedini görkezýän wideolary we suratlary seljerenden soň, olaryň aglabasynyň kellesinde ok yzlarynyň bardygyny anyklandygyny hem nygtaýar.

“Bu sowukganlylyk bilen amal edilen adam öldürmeleri “Talybanyň” Owganystandaky ozalky häkimiýeti döwründe ýakasyny tanadan aýylganç hyýanatçylykly hereketlerine ygrarlydygyna güwä geçýär” diýip, “Amnesty International” toparynyň baş sekretary Agnes Kallamard belledi.

Bu boýunça “Talyban” tarapyndan bada-bat reaksiýa bolmady. Mundan öň, topar halkara güýçleri we ozalky owgan hökümeti bilen işleşen adamlardan ar alynmajakdygyna söz beripdi.

XS
SM
MD
LG