Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe we Azerbaýjan bilelikdäki harby türgenleşikleri geçirýärler


Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky bilelikdäki harby türgenleşikler. 6-njy oktýabr, 2021 ý.
Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky bilelikdäki harby türgenleşikler. 6-njy oktýabr, 2021 ý.

Türkiýe we Azerbaýjan bilelikdäki harby türgenleşiklere başladylar. Bu geçen ýyl dawaly Daglyk-Garabag sebiti üstünde ermeni güýçleri bilen turan söweşden soň, iki ýurduň arasyndaky harby gatnaşyklaryň ýygjamlaşan döwrüne gabat geldi.

“Sarsmaz Doganlyk” ady bilen geçirilýän türgenleşikler 5-8-nji oktýabr aralygynda dowam eder. Bu türgenleşik Baku bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýitileşen wagtynda geçirilýär. Soňky günlerde, Eýran hem Azerbaýjan bilen serhetleriniň golaýynda seýrek harby türgenleşikleri geçiripdi.

Azerbaýjan we Eýranyň gatnaşyklary, Tähranyň Ermenistanyň arkasyny tutmagy sebäpli, uzak wagtdan bäri dartgynlydy. Emma geçen aý Azerbaýjanyň türk we pakistan goşunlary bilen bilelikdäki harby türgenleşikleri geçireninden soň, Baku bilen Tähranyň, umuman, dostlukly bolan gatnaşyklary ýaramazlaşyp başlady.

Azerbaýjanyň Eýranyň ýük ulaglarynyň Ermenistana aşmagynyň öňüni almagy, şeýle-de Bakuwyň Eýranyň ganym duşmany Ysraýyl bilen baglarynyň bolmagy hem iki goňşy ýurduň arasyndaky dartgynlylyklary ýitileşdirdi.

Türkiýäniň goranmak ministri Azerbaýjanyň Nahjiwan sebitinde geçirilýän türgenleşiklere harby ýük ulaglarynyň, komando güýçleriniň, awiasiýanyň we dronlaryň hem gatnaşýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG