Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain bankynyň başlygy žurnaliste edilen hüjümden soň wezipesinden wagtlaýyn çetleşdi


Ukreksimbankyň başlygy Ýewhen Metser (arhiw suraty)
Ukreksimbankyň başlygy Ýewhen Metser (arhiw suraty)

Ukrainanyň döwlet bankynyň ýolbaşçysy şu hepde Şemiý programasynyň dowamyndaky interwýuda žurnaliste garşy edilen hüjüm üçin ötünç sorady, şeýle-de bu waka boýunça başladylan jenaýat işi tamamlanýança wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

“Baknyň töweregindäki ýagdaý kabul ederliksizdir. Meniň duýgularyma erk edip bilmän žurnaliste garşy eden hetdenaşa hereketlerimi aklap bolmaýar” diýip, Ukreksimbankyň başlygy Ýewhen Metser 6-njy oktýabrda beýanat bilen çykyş etdi.

Mundan iki gün öň bolan waka Ukrainada žurnalistler, syýasatçylar we prezident Wolodymyr Zelenskiýiň edarasy tarapyndan ýazgaryldy.

4-nji oktýabrda žurnalist Metserden bankyň müşderileriniň birine berlen jedelli karz barada sorag bereninde, bankyň ýolbaşçysy howpsuzlyk gullugyna žurnalisti saklamaga, kameralaryny we wideo ýazgylaryny ele geçirmäge buýruk beripdi. Munuň netijesinde kameraça garşy fiziki güýç hem ulanyldy.

XS
SM
MD
LG