Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Bulujystan welaýatynda ýer titredi, azyndan 20 adam öldi


Pakistanyň günorta-günbatar sebitlerinde ýer titredi.
Pakistanyň günorta-günbatar sebitlerinde ýer titredi.

7-nji oktýabr güni ir sagatlarda Pakistanyň günorta-günbatar sebitlerinde bolan ýer titremede azyndan 20 adam öldi we ýüzlerçe adam ýaralandy diýip, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça resmiler aýdýar.

Bulujystan welaýatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň başlygy Nasir Nasar tebigy heläkçilikde 20 adamyň ölendigini we ölüm sanlarynyň ýokarlanmagynyň mümkindigini aýtdy.

“Tebigy heläkçilikden iň köp ejir çeken sebit Bulujystanyň çetki daglyk şäheri Harnaý boldy. Harby we raýat gulluklaryndan halas edijiler Harnaýa ugradyldy” diýip, Nasar aýtdy.

Ýöne sebitde asfaltanan ýollaryň hem-de mobil aragatnaşygynyň bolmazlygy halas ediş işlerine päsgelçilik döretdi.

Şeýle-de, ýer titreme sebitiň elektrik üpjünçiligine zeper ýetirdi.

AFP habar gullugyna görä, pida bolanlaryň köpüsi palçyk jaýlaryň üçekleri we diwarlary çökende aradan çykdy diýip, ýerli hökümet resmisi Suhail Anwar Haşmi aýtdy.

Ölenleriň köpüsi aýallar we çagalar bolup, ýykylan jaýlaryň aşagynda heniz hem birnäçe adamyň gysylyp galan bolmagy mümkin.

ABŞ-nyň Geologiýa barlagy ýer sarsgynynyň welaýat paýtagty Kwettanyň 100 kilometr günbatarynda, takmynan 20 kilometr çuňlukda, ýerli wagt bilen irden sagat 3-de, 5,7 bal ululygynda bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG