Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň baş prokurory korrupsiýa aýyplamalary bilen tussag astyna alyndy


Aleksandru Stoianoglo
Aleksandru Stoianoglo

Moldowanyň baş prokurory korrupsiýa aýyplamalary boýunça işden boşadyldy we tussag astyna alyndy. Prezident Maýa Sandu ýurtda hiç kimiň kanundan rüstem däldigini aýtdy.

Baş prokuror Aleksandru Stoianoglo 5-nji oktýabrda paýtagt Kişinýowdaky bir deslapky tussaghana äkidildi. Ýurduň aňtaw agentliklerinden we howpsuzlyk gulluklaryndan bolan maskaly adamlar baş prokuroryň iş otagyny we öýüni barlady.

Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça prokuror Wiktor Furtuna Stoianoglonyň wezipeden hyýanatly peýdalanmakda, wezipe çäklerini aşmakda, korrupsiýada we ýalan beýanatda aýyplanýandygyny aýtdy.

Sandu ýurduň her bir raýatynyň eýeleýän wezipesine garamazdan, her bir jenaýat üçin kanun öňünde jogap bermelidigini aýdyp, baş prokuroryň tussag astyna alynmagyny makullady.

“Ýurduň prezidenti hökmünde men raýatlaryň isleýän zadyny isleýärin: kanuna berk hormat goýmaly, wezipeden hyýanatly peýdalanmaly däl, hyýanatçylyga baş goşýan adam kim hem bolsa kanun esasynda jezalandyrylmaly” diýip, ol Facebook ulgamynda ýazdy.

Soňra Sandu Stoianoglonyň ornuna korrupsiýa garşy öňki prokuror hem-de Kişinýowyň prokurorynyň orunbasary Dumitru Robuwy wagtlaýyn baş prokuror wezipesine bellemek barada karara gol çekdi. Robuwy bu wezipä Prokurorlaryň Ýokary geňeşi hödürledi.

XS
SM
MD
LG