Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ykdysady çökgünligiň arasynda aýlyklary ýene 10% artdyrýar


Türkmen hökümeti her ýyl aýlyklary 10% ýokarlandyrýandygyny aýdýar, ýöne harytlaryň näçe göterim gymmatlaýandygyny agzamaýar.
Türkmen hökümeti her ýyl aýlyklary 10% ýokarlandyrýandygyny aýdýar, ýöne harytlaryň näçe göterim gymmatlaýandygyny agzamaýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady çökgünligiň we maliýe ýetmezçiligiň arasynda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle-de talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10% artdyrmak baradaky karara gol çekdi.

Berdimuhamedowyň 8-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol goýan dokumentine laýyklykda, ýurt boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 1 müň 50 manat möçberinde kesgitlendi.

Mundan başga-da, geljek ýyldan başlap:

  • “Beýik Watançylyk urşuna” gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1 müň 710 manat möçberinde;
  • “Beýik Watançylyk urşuna” gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 500 manat möçberinde;
  • Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 410 manat möçberinde;
  • Döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy hem 390 manat möçberinde belleniler.

Türkmen hökümeti her ýyl aýlyklary 10% ýokarlandyrýandygyny aýdýar, ýöne harytlaryň näçe göterim gymmatlaýandygyny agzamaýar. Türkmen metbugatynyň bolçulyk baradaky tekrarlamalaryna garamazdan, ýurtda ozaly bar bolan harytlaryň bahalary arzanlaman, yzygiderli ýokarlanýar.

XS
SM
MD
LG