Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” YD garşy göreşinde ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýdýar


“Talybanyň” syýasy metbugat wekili Suhail Şahin (arhiw suraty)
“Talybanyň” syýasy metbugat wekili Suhail Şahin (arhiw suraty)

“Talyban” Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň şahamçalaryna we beýleki ekstremistiki toparlara garşy göreşinde ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýtdy.

9-njy oktýabrda “Talybanyň” syýasy metbugat wekili Suhail Şahin AP habar gullugyna “Yslam döwleti” toparynyň arapça akronimini ulanyp: “Biziň Daeşi özümiziň garaşsyz ýagdaýda agdarmaga mümkinçiligimiz bar” diýip, belledi.

9-10-njy oktýabr aralygynda Kataryň paýtagty Dohada ABŞ resmileri Birleşen Ştatlaryň goşunlaryny Owganystandan çykaranyndan soň, şeýle-de awgustda aşa berk yslamçy toparyň uruşdan ejir çekýän ýurduň häkimiýetini eýeläninden soň, “Talyban” wekilleri bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gepleşikleri geçirýärler.

ABŞ resmileri gepleşikler barada häzirlikçe hiç hili maglumat bermediler.

“Talybanyň” häkimiýeti eýelenäninden soň, toparyň liderlerine we beýlekilere garşy ganly hüjümler amala aşyryldy. Olaryň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” toparynyň ýerli şahamçasy “Yslam Döwleti-Horasan” atly topar öz üstüne aldy.

8-nji oktýabrda Gunduzda, “Yslam Döwleti-Horasan” toparynyň amala aşyrandygyny aýdýan, şaýy metjidine edilen bombaly hüjümde ýüzlerçe adam öldi we ýaralandy.

Katardaky gepleşiklere gatnaşýan taraplaryň ikisi-de maslahatyň dowamyndaky esasy meseleleriň arasynda ekstremistiki toparlara garşy durmak meselesiniň hem bardygyny aýtdy. ABŞ “Talybana” ýurtdan çykmak isleýän daşary ýurtly we ýerli raýatlaryň öňüne böwet bolmazlygy ugrunda basyş edýär.

XS
SM
MD
LG