Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Turkmen.news: YouTube-da oppozisiýa kanallaryna teswir ýazan balkanabatly iki ýyl azatlykdan mahrum edildi


Sergeý Babaniýazow
Sergeý Babaniýazow

Garaşsyz turkmen.news neşiri Türkmenistanda hamana pornografik maglumatlary ýaýradandygy üçin Balkanabadyň ýaşaýjysy Sergeý Babaniýazowyň iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini, emma aslynda onuň YouTube ulgamynda türkmen oppozisiýa wekilleriniň kanallaryna tomaşa edendigi we öz ady bilen olara teswirleri ýazandygy üçin azatlykdan mahrum edilendigini belleýär.

Maglumata görä, 43 ýaşly Babaniýazowa Jenaýat kodeksiniň 164-nji maddasy, ýagny “pornografik çap neşirlerini taýýarlamak we ýaýratmak” boýunça aýyplama bildirilipdir. Onuň häzir eýýäm sekiz aý wagt bäri LB-E/12 koloniýasynda tussaglyk möhletini geçýändigi hem nygtalýar.

Azatlyk Radiosy Babaniýazowyň tussag edilmegi bilen bagly ýagdaýlary häzirlikçe öz habarçylaryna we çeşmelerine tassykladyp bilmedi.

Türkmenistanda garaşsyz habar serişdeleri, şeýle-de oppozisiýa toparlary bilen nähilidir bir gatnaşyk saklaýan adamlary, hukuk goraýjylar tarapyndan syýasy matlaply toslanandygy aýdylýan aýyplamalar esasynda türme tussaglygyna höküm etmek tejribesi saklanyp galýar.

XS
SM
MD
LG