Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow “EKSPO-2020” sergisinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyşyna gatnaşdy


“EKSPO-2020” sergisinde Türkmenistanyň pawilýony
“EKSPO-2020” sergisinde Türkmenistanyň pawilýony

Türkmenistanyň prezidenti 9-njy oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, saparyň çäklerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui bilen duşuşyk geçiripdir.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow serginiň baş kabul ediş merkezinde Birleşen Arap Emirlikleriniň premýer-ministriniň orunbasary, prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem gepleşikleri geçiripdir. Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň “agramly bukjasyna” hem gol çekilipdir.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň beýanatynda serginiň türkmen pawilýonynda ýurduň ýeten sepgitleriniň beýan edilýändigi aýdylýar. Türkmenistan soňky birnäçe ýylyň dowamynda garaşsyzlykdan soňky iň agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýär.

Dubaýda gurnalan sergi 2022-nji ýylyň martyna çenli dowam eder.

XS
SM
MD
LG