Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ “Talyban” bilen gepleşikleriň “açyk we professional” bolandygyny aýtdy


"Talybanyň" Dohadaky wekilleri
"Talybanyň" Dohadaky wekilleri

ABŞ Kataryň paýtagty Dohada “Talybanyň” wekilleri bilen geçiren iki günlük gepleşiklerinden soň eden ilkinji resmi beýanatynda, duşuşygyň “açyk we professional” ýagdaýda geçendigini, şeýle-de howpsuzlyk, terrorizm we Owganystan bilen bagly beýleki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

“ABŞ-nyň delegasiýasy howpsuzlyk we terrorizm wehimlerine, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň we beýleki daşary ýurtly raýatlaryň, owgan hyzmatdaşlarymyzyň howpsuz ýagdaýda ýurdy terk etmek meselesine üns gönükdirdi” diýip, 10-njy oktýabr güni giçlik Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýs (Ned Price) belledi.

Ol gepleşikleriň dowamynda “adam hukuklary, esasan hem aýal-gyzlaryň owgan jemgyýetiniň ähli ugurlary boýunça manyly gatnaşygy” barada gürrüň edilendigini hem nygtady.

“Taraplaryň ikisi-de Birleşen Ştatlaryň gönümel owgan halkyna niýetlenen göwrümli ynsanperwer kömegini hem maslahat etdiler. Gepleşikler açyk we professional boldy. ABŞ-nyň delegasiýasy “Talybana” toparyň sözlerine görä däl-de, hereketlerine laýyklykda baha beriljekdigini ýene bir gezek tekrarlady” diýip, Praýs sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG