Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gazak dilinde ýaz". Döredijilikli ýaşlar ene dilini nädip goldaýarlar hem ösdürýärler?


Gazak dilini ösdürmek üçin döredilen «Qazaqsha Jaz» hem-de «Калькасыз қазақ тілі» saýtlary
Gazak dilini ösdürmek üçin döredilen «Qazaqsha Jaz» hem-de «Калькасыз қазақ тілі» saýtlary

Gazagystanda gazak dilini ösdürmegi goldaýan aktiwistler toparlary internetde lingwistika düzgünlerini düşündirýärler, döwlet dilindäki dürli kompaniýalardan maglumat soraýarlar we daşary ýurt filmlerini öz ene dilinde seslendirýärler. Olar kimler? Olara işjeň bolmaga näme itergi berýär we gazak diliniň statusyny berkitmäge nähili goşant goşýarlar? Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy birnäçe toparyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

SYPAÝY ADAMLAR. ÝAŞLAR GAZAK DILINDÄKI ONLAÝN HYZMATYNY NÄDIP TALAP EDÝÄRLER?

Gazagystanda sarp edijileriň, ýagny hyzmatdan peýdalanýanlaryň ene dilinden peýdalanmak hukuklaryny goramak üçin, ýaş aktiwistlerden ybarat «Qazaqsha Jaz — Қазақша жаз» ("Gazakça ýaz") topary dürli kompaniýalaryň, kafeleriň, restoranlaryň we dükanlaryň web sahypalaryna girýär. Olara gazak dilinde teswir ýazýarlar hem sypaýyçylyk bilen maglumat soraýarlar. Aktiwistler bu usuly "terbeu" diýip atlandyryp, onuň birnäçe düzgüniniň bardygyny belleýärler: diňe kanunyň çäginde hereket etmek, mylakatly bolmak we hapa sözleri ýazmazlyk.

«Qazaqsha Jaz» saýtyndan gazak dilinde maglumat almak isleýänler üçin ýatlatma.
«Qazaqsha Jaz» saýtyndan gazak dilinde maglumat almak isleýänler üçin ýatlatma.

— Herekete goşulan ähli aktiwistler zorluksyz aragatnaşygy döretmäge çalyşýarlar. Mysal üçin, Internetde maglumaty ýerleşdirilen bir kompaniýanyň sahypasyna girenimizde, şeýle teswirler goýýarys: "Salam! Men köplenç siziň dükanyňyza barýaryn. Siziň harytlaryňyzy örän halaryn. Eger siz öz sahypaňyzda gazak dilinde maglumat goşsaňyz, meniň üçin gaty amatly bolardy. Sag boluň!" Şeýle etmek bilen biz biznes işi bilen aragatnaşygy ýola goýmaga synanyşýarys. Şeýle hem olar hukuklarymyzyň berjaý edilmeginden başga artykmaç zat talap etmeýändigimize düşünýärler – diýip, bu hereketi guraýjylardan biri Aliýa Sari aýdýar.

Aktiwistiň sözüne görä, şeýle başlangyçlar sebäpli sarp edijiler gazakça maglumat soramakda, hiç bir kadadan çykmanyň ýokdugyna düşünýärler. Topar bu iş üçin köp zähmetiň talap edýändigini aýdýar. Olaryň pikiriçe, soňky bir ýylda aktiwistleriň gazak dilinde maglumat almak üçin habarlaşan kompaniýalarynyň üçden biri şeýle talaplary ýerine ýetiripdir.

— Kanun sarp edijileriň gazak dilli hukuklaryny goramaýar. Biziň işimizde gapma-garşylyklar, hatda dartgynly ýagdaý hem ýüze çykdy. Bizden: "Haýsy kanun esasynda maglumat soraýarsyňyz?" diýýärler. Bizde bolsa hakykatdanam beýle kanun ýok. Kanun diňe bannerler we menýular ýaly wizual maglumatlaryň gazak dilinde bolmalydygyny aýdýar. Web sahypalarda we sosial ulgamlarda gazak dilinde maglumatlar galdyrmaga hiç kim ähmiýet bermeýär. Şonuň üçin bize Internetde gazak diliniň ýagdaýyny kesgitlemek zerur. Häzir munuň üstünde işleýäris – diýip, Aliýa aýdýar.

Aliýa pandemiýa karantini döwründe internet hyzmatlaryny gazak dilinde almak meselesiniň ýiti bolandygyny ýatladýar. Adamlar öýde bolany üçin, sosial ulgamlary we onlaýn hyzmatlaryny ýygy-ýygydan ulanyp başladylar.

— Şol döwürde hemmeler internetde gazak dilinde maglumatlaryň bolmalydygyna düşündiler. Siz bir dükandan gazakça maglumat sorap bilersiňiz, emma Internetden sorap bilmersiňiz. Bu ýerden deňsizlik döreýär. Deputatlara hat ýazmaga we kanuna üýtgetme girizmäge synanyşýarys – diýip, Aliýa düşündirýär.

Gazak diliniň statusy ugrunda göreşýän aktiwistler "anti-rus, milletçi" diýlip aýyplanýarlar hem olaryň hereketi yzarlanýar. Mysal üçin, awgust aýynda Til Maýdani YouTube kanalynyň awtory Kuat Ahmetow Gazagystanyň söwda merkezlerinde hyzmatlary gazak dilinde talap edýän adamlaryň wideolaryny ýaýradandygy üçin, etniki ýigrenji öjükdirmekde aýyplandy. Onuň hereketleri Russiýanyň Kremle tarapdar metbugatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Soň bolsa Ahmetowyň Gazagystany terk edip, Kiýewe gidendigi mälim boldy.

«Қазақша жаз» hereketiniň wekili Aliýa Sari ýaş aktiwistleriň öz “hereketleri bilen rus dilini bozmaýandyklaryny, diňe hukuklarynyň hormatlanmagyny talap edýändigini” aýdýar.

DÜZGÜNLER HAKYNDA DEGIŞME HEM BILESIGELJILIK USULLARY BILEN

35 müň abunaçysy bolan Instagram’da “Qazaq Grammar” sahypasyny döreden topar düşünje berýän okuw materiallaryny, gazak dili barada gyzykly maglumatlary, gülkünç ýazgylary çap edýär. Proýektiň awtory Nursoltan Bagidollanyň aýtmagyna görä, “Qazaq Grammar” sahypasy iki höwesjeňiň adam tarapyndan gurlan bilim proýektidir.

— Uniwersitetde okaýarkam, studentleriň özara gürrüňi ünsümi çekipdi. Gazak dilinde gürleýänlerem arassa, ýalňyşsyz gürläp bilmeýärdiler. Beýle ýagdaý dowam etse, gazak dili heläk bolýan diller toparyna düşüp biler. Biz bu ýagdaýy üýtgetmek isleýäris.

Qazaq Grammar’yň awtorlary gazak diliniň töweregindäki köne üýtgewsiz garaýşy ýok etmek isleýärler. Olar degişmeleri çap etmek bilen meselä ünsi çekýärler. Olaryň pikiriçe, gazak dili "oba ýerindäki" dil däl, eýsem häzirki zaman diline öwrülmeli.

YLMY NAZARYÝETDEN. KAZAK BUBBLE PROÝEKTI

Kazak Bubble — bu proýekt hem gazak diliniň aýratynlyklaryny düşündirmegi maksat edinýän sahypalardan biri. Oňa gatnaşyjylar dürli sözleriň gelip çykyşy, dil bilen baglanyşykly jedelli meseleleriň tebigaty barada pikir alyşýarlar. Taslamanyň adyndaky Bubble sözi Töwratdan alnyp, ol gadymy Wawilondaky Babyl diňiniň gurluşygy bilen baglanyşykly rowaýaty aňladýar. Rowaýata görä, adamlar bir dilde gürleýän döwründe, arşa ýeter ýaly beýik minara gurmak isläpdirler. Tekepbirligi üçin Hudaý olary jezalandyryp, olaryň dilini üýtgedýär hem olar dürli dillerde gepläp başlaýarlar.

Taslamany esaslandyryjy Bibarys Seýtak Nazarbaýew uniwersitetini gutaran, hünäri boýunça dilçi. Onuň alan bilimi şeýle taslama başlamaga itergi beripdir.

— Gazak diliniň aýratynlyklary düşündirende, köp adam ýeterlik bilime eýe bolmazdan, dürli çaklamalary öňe sürýär. Mysal üçin, Argentinanyň "argyn" sözünden gelip çykandygyny aýdýanlar bar. Dil biliminden habarsyz adamlar muňa ynanýar. Şonuň üçin lingwistika ýaly ylym hakda köp gürrüň etmeli diýip pikir edýärin. Ýogsam bolmasa, beýle ylmy taýdan esassyz gepleşiklerden soň "dil diňe aragatnaşyk serişdesi" ýaly pikirler peýda bolýar. Aslynda dil köp syýasy bölünişigiň özeni bolupdy, häzirem bolýar, ol geljekde-de bolar – diýip, Bibarys düşündirýär.

Kazak Bubble proýektiniň awtory Bibarys Seýtak
Kazak Bubble proýektiniň awtory Bibarys Seýtak

Kazak Bubble agzalary häzirki zamanyň wizual maglumatlaryň zamanydygyny öňe sürüp, şoňa görä sahypanyň dizaýnyna köp üns berýändiklerini aýdýarlar. Dürli mowzuklardaky aýdymlary hem ýumoristik-gülküli ýazgylary çap edýärler. Bibarys Seýtak: "Biz islendik negatiwlige oňyn garamaga synanyşýarys” diýýär.

Bibarysyň aýtmagyna görä, Gazagystanda dil meselesi örän ýiti durýar, ýöne gynançly tarapy, jemgyýetde bu köplenç hasaba alynmaýar.

«METBUGAT, OKUW KITAPLARY, EDEBIÝATÄHLISI KALKA DILE ÖWRÜLDI»

Telegram’da «Калькасыз қазақ тілі» kanalynyň awtory Nazgül Kožabek
Telegram’da «Калькасыз қазақ тілі» kanalynyň awtory Nazgül Kožabek

Lingwist Nazgül Kožabek gazak dilinde gürleýänler üçin "Kalkasyz gazak dili" telegram-kanalyny açdy. Awtor dilde köp ýaýran grammatiki ýalňyşlyklar hem-de sözleriň kalkalaşdyrylyşy hakda ýazýar. Ol "rus dilindäki sözleriň gazakça ýazylyşynyň" sanyny azaltmagy maksat edinýändigini aýdýar.

— Gazak dili rus dilinden alnan kalkalardan – sözme-söz hem göni terjimelerden arassalanmalydyr, ýogsam çagalarymyz otuz ýyl ozalky kitaplary okap bilmezler. Metbugat, okuw kitaplary, edebiýat – ählisi kalka diline öwrüldi. "Kalka dili baýlaşdyrýar" diýilýän ýörelge diňe ýaltalaryň bahanasydyr. Kalka dili ýoýýar – diýip, Nazgül Kožabek aýdýar.

Nazgül Kožabek tarapyndan Telegram’da geçilýän sapak
Nazgül Kožabek tarapyndan Telegram’da geçilýän sapak

«GAZAK DILI HÄZIRKI ZAMANYŇ IŞJEŇ DILI BOLMALYDYR»

Qial Dub Studio proýekti daşary ýurt filmleriniň we multfilmleriniň gysga böleklerini seslendirmek bilen meşgullanýar. Terjimeleri proýekte gatnaşyjylaryň özleri edýärler. Qial Dub Studio taslamasy köplenç filmleriň parçalarynyň manylaryny üýtgedip seslendirýärler we bölekleri jemgyýetiň möhüm meseleleri bilen baglanyşdyrýar. Taslama gatnaşyjylardan biri Amir Öserhan öz maksatlarynyň "gazak dilindäki mazmun mümkinçiligini artdyrmakdygyny" aýdýar.

Häzir bu proýektde sesleri, wideony hem tekstleri gaýtadan işleýän birnäçe adam iş alyp barýar. Olaryň ählisi gazak diline bagyşlanan söhbetdeşlik arkaly duşuşyp tanşanlar. Amiriň aýtmagyna görä, toparyň agzalary dürli şäherlerde ýaşaýarlar, şol sebäpli käbir kynçylyklar ýüze çykyp durýar. Emma olar geljekde toparyň giňelmegini hem-de uly studiýa açmagy meýilleşdirýärler.

— Kiçijik wagtym men näme üçin daşary ýurtlular filmlere hem multfilmlere öz ene dilinde tomaşa edýärler, biz bolsa başga dilde seredýäris diýip, öz-özüme sorag berýärdim. Indi biz bu proýekt arkaly filmleri seslendirmekde, gazak diline azajyk goşant goşmak isleýäris. Gazak dili diňe bir edebi däl, eýsem häzirki zamanyň işjeň dili bolmaly – diýip, Amir arzuw edýär.

Amir gazak dilinde dublirlemek, daşary ýurt dilindäki maglumatlary gazak dilli diňleýjilere ýetirmegiň esasy serişdesi hasaplaýar.

Bu topar hem ýokarda agzalyp geçilenler maliýe kynçylyklary sebäpli öz meýillerini göwnejaý derejede amala aşyryp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

DÖREDIJILIKLI ÇEMELEŞMEK WE TÄZE TEHNOLOGIÝA

Gazagystan jemgyýetiniň tendensiýalaryny we ýaşlaryň işjeňligini öwrenýän PaperLab barlag toparynyň bilermeni, sosiolog Serik Beýsembaýewiň aýtmagyna görä, şeýle toparlar Gazagystanda soňky ýyllarda öz raýat işjeňligini aýan etmegiň açyk mysalyna öwrülýärler. Sosiolog meýletinçileri "gazak diliniň meselelerine biperwaý garap bilmeýän bilimli, sowatly hem erkin pikirli ýaşlar" diýip häsiýetlendirýär.

Serik Beýsembaýewiň aýtmagyna görä, häzirki zamandaky aktiwistler täze tehnologiýalary ulanmak bilen tapawutlanýar hem meselä döredijilikli çemeleşýärler.

— Ýönekeý meýletinçiler topary problemalary çözmek üçin, sosial media ulgamyndan peýdalanýarlar. Häzirki zaman toparlary haýsydyr bir partiýa ýa-da jemgyýetçilik guramasy bilen baglanyşykly däl. Bu bolsa ýönekeý adamlara şeýle meselä gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Mundan ozal gazak diliniň statusy ugrundaky göreşde ýetmezçilik bardy. Bizde dil meselesini döwlet çözmeli diýen düşünje bar. Bu örän ýüzleý çemeleşmedir. Sebäbi döwlet býurokratik dolandyryş edarasy bolansoň, diňe takyk görkezijiler üçin işleýär. Mysal üçin, aýdaly, ýylda 20 kitap çap edip bilerler. Gazak dili munuň bilen ösmez. Muňa derek bize has köp adamy özünde jemleýän höwesjeň-meýletinçiler, öz işi üçin pul talap etmeýänler gerek – diýip, sosiolog aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG