Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dohada "Talyban"-ÝB gepleşikleri geçiriler


"Talybanyň" wekilleri, Doha
"Talybanyň" wekilleri, Doha

12-nji oktýabrda "Talybanyň" delegasiýasy Kataryň Doha şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşar. Şol gün dünýäniň iň güýçli ykdysadyýetli 20 ýurduň ýolbaşçylary bolsa, Owganystan bilen baglanyşykly kömek, howpsuzlyk we beýleki meseleler barada pikir alyşar.

Owganystanyň "Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki, ÝB bilen gepleşikler barada "Talybanyň" wekilleri häkimiýet başyna gaýdyp geleli bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilleri bilen ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerden soň yglan etdi.

Muttaki Owganystanyň “bütin dünýä bilen oňyn gatnaşyklary” isleýändigini aýtdy.

"Talyban" "deňagramly halkara gatnaşyklarynyň" Owganystany durnuksyzlykdan halas edip biljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

12-nji oktýabrda Uly 20-lik toparynyň (G20) ýygnagy Italiýada geçiriler. Duşuşyk kömege mätäçliklere kömek, howpsuzlyk aladalary we ýurtda henizem galýan müňlerçe günbatar bilen ýaran bolan owganlylaryň howpsuz çykmagyny kepillendirmegiň ýollaryna gönükdiriler.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres Owganystanyň ykdysadyýeti baradaky aladalaryň we "Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen nähili işleşmelidigi baradaky dürli pikirleriň arasynda "G20" ýygnagyna gatnaşar.

XS
SM
MD
LG