Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek deputatlary "könelişen propiska" baradaky kanun taslamasyny maslahatlaşdy


Özbegistanyň Ýokary mejlisiniň kanunçylyk palatasynyň deputatlary propiskany, adamyň ýaşaýan ýeri boýunça hasaba alynmagy baradaky düşünjäni "ahlak taýdan könelişen" hasaplaýan we onuň ýerine alternatiw şertleri teklip edýän kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşdy.

Özbek parlamentiniň metbugat gullugynyň 12-nji oktýabrda beren habaryna görä, gürrüňi edilýän kanun taslamasy, işjeň çekişmelerden soň, deputatlar tarapyndan birinji okalyşda kabul edildi.

Deputatlaryň pikiriçe, "hasaba almak" adalgasy adamlaryň aňynda "päsgel bermek", "bir ýere baglanmak", "erkinligi çäklendirmek" ýaly manylarda orun alypdyr.

Prezident Şawkat Mirziýoýew 2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Daşkentde we Daşkent sebitinde propiska, ýagny hasaba alyş ulgamyny ýönekeýleşdirmek baradaky karara gol çekdi.

Bu resminama Daşkentde we Daşkent sebitinde ýazgy etdirmek üçin edilýän talaplaryň birnäçesiniň ýatyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şol ýylyň 13-nji maýynda hasaba alyş ulgamyndaky üýtgeşmeler barada kanuna hem gol çekildi.

XS
SM
MD
LG