Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kamala Harris ýerli halklar meselesindäki "utandyryjy geçmişi" ýatlamaga çagyrdy


Kamala Harris
Kamala Harris

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris amerikan kenarlaryna gelip düşen ýewropaly açyjylaryň "tire-taýpa halklary üçin betbagtçylyk tolkunyny döredendigini, zorluk edendigini, ýerleri ogurlandygyny we kesel ýaýradandygyny" aýtdy.

“Biz bu utançly geçmişi bilmezlik etmeli däldiris. Biz muňa üns bermeli we geçmişiň ýerli jemgyýetlere şu günki günde edýän täsirini ýeňip geçmek üçin elimizden gelenini etmeli" diýip, ol ýerli halklaryň hukuklaryny goramak boýunça iň uly gurama, Amerikan hindi milli kongresine ýüzlenip aýtdy.

“Amerikanyň sesiniň” Harrisiň sözlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, Baýden administrasiýasy tire-taýpa halklary bilen özara düşünişmek, tire-taýpa ýerlerindäki hünär mekdeplerini federal derejede maliýeleşdirmek baradaky jarnama täzeden sereder. Bu resminama 2018-nji ýylda 12 federal agentligiň arasynda geçirilen gepleşiklerde, ýöne tire-taýpa wekilleriniň gatnaşmazlygynda täzeden seredildi.

Harris Kristofer Kolumbyň amerikan kenarlaryna gelip düşen gününiň ýyl dönüminiň we ýakynda döredilen ýerli halklar gününiň ertesi çykyş etdi.

"Birleşen Ştatlar 1934-nji ýyldan bäri her oktýabrda ilkinji gezek amerikan kenarlaryna gelip düşen ýewropaly syýhatçylaryň ýyl dönümini belleýär” diýip, Harris aýtdy. "Ýöne bu doly taryh däl we hiç haçan doly taryh bolmandy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG