Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny Orsýetden giden kärdeşlerini daşary ýurtlardan korrupsiýa garşy göreşi dowam etdirmäge çagyrýar


 Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

Türmede oturan kreml tankytçysy Alekseý Nawalny barha artýan repressiýa sebäpli Orsýeti terk eden tarapdarlarynyň rus hökümetine garşy durmakda alyp barýan tagallalaryny daşary ýurtlardan hem dowam etdirip biljekdigini aýtdy.

Nawalny öz işgärlerine we egindeşlerine ýazan hatynda topar agzalarynyň “emigrasiýa gitmändiklerini, ýöne edara jaýlarynyň ýerleşýän ýerini wagtlaýyn üýtgetmäge mejbur edilendiklerini” aýtdy.

13-nji oktýabrda garaşsyz habar saýty Meduza tarapyndan çap edilen hatda Nawalny öz tarapdarlaryny “yzlaryna seretmän işlemäge”, ýagny materiallary we derňewleri çap edenlerinde özüne nähili zyýan ýetirip biljekdigi hakda pikir etmezlige çagyrýar.

Nawalny şu ýyl ýurtdan gaçyp giden birnäçe kärdeşiniň, şol sanda Iwan Ždanow we Leonid Wolkow ýaly gurama agzalarynyň öz toparlarynyň infrastrukturasyny daşary ýurtlarda täzeden gurandyklaryny aýtdy.

Ol bu adamlardan özlerini "daşary ýurt oppozisiýasy" hasaplaman, ýurduň bähbidi üçin alyp barýan işlerini dowam etdirmegi haýyş etdi.

Nawalny ýanwar aýynda Germaniýada ölüm howply zäherlenmeden bejergi alyp gelenden soň tussag edildi.

Oppozisioneriň özi we tarapdarlary, prezident Wladimir Putiniň buýrugy esasynda, Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) işgärleri tarapyndan zäherlenendigini aýdýarlar.

Kreml bu waka dahyllydygyny ret etdi.

XS
SM
MD
LG