Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Owganystandaky bomba hüjüminde polisiýa başlygy öldürildi


Talybanyň polisiýa ofiserleri
Talybanyň polisiýa ofiserleri

Ýerli häkimiýetleriň habar bermegine görä, 14-nji oktýabrda Owganystanyň gündogaryndaky Kunar welaýatynyň paýtagty Asadabadda bolan bomba partlamasynda Talyban polisiýasynyň başlygy öldi we 11 adam ýaralandy.

Şaýatlaryň Azatlyk radiosyna aýtmaklaryna görä, bomba talyban polisiýasynyň başlygyny Şigal etrabyna alyp barýan ulagy nyşana alypdyr. Talybanyň ýerli resmileri wakanyň jikme-jikliklerini aýan etmediler.

Asadabad Merkezi keselhanasynyň lukmany anonimlik şertinde gürleşip, partlamada ýaralanan 12 adamyň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Şeýle-de lukman Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Talyban tarapyndan Şigal etrabynyň polisiýa müdiri wezipesine bellenen Abdullah Irfanyň ýaralaryndan jan berendigini tassyklady.

XS
SM
MD
LG