Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minsk "ekstremist" kanallaryň abunacylaryny "anyk nyşana” alýar


Belarusyň Içeri işler ministrligi ýurtda ekstremist diýlip ykrar edilen telegram kanallarynyň dolandyryjylarynyň we iň işjeň abunaçylarynyň atlarynyň anonimlik ýagdaýyndan çykarylmagyny tamamlady.

"Polisiýa, her biriniň roluny göz öňünde tutup, ulanyjylary anyklaşdyrylan jenaýat jogapkärçiligine çeker" diýip, edaranyň telegramdaky habarynda aýdylýar.

Mundan öň IIM-iň ekstremist diýlip ykrar edilen telegram kanallaryna we söhbetdeşliklerine ýazylan belaruslary jenaýat jogapkärçiligine çekmegi meýilleşdirýändigi mälim boldy.

Bu çäre belarus hökümetiniň 12-nji oktýabrda kabul eden "Ekstremizme garşy göreş we faşizmiň aklanmagyna garşy çäreler baradaky" karary bilen baglanyşykly.

Ekstremist diýlip ykrar edilen kanallaryň sanawyna diňe bir oppozisiýa toparlary däl, eýsem habar beriş serişdeleri hem girýär. 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Minsk kazyýeti 990 müňe golaý adamyň abuna ýazylan NEXTA telegram kanalyny ekstremist diýip ykrar etdi.

Awgust aýynda häkimiýetler tarapyndan ýapylan abraýly habar portaly Tut.by-nyň öňki işgärleri tarapyndan döredilen Zerkalo.io neşirine garşy hem şuňa meňzeş çäre görüldi.

XS
SM
MD
LG