Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Osetiýa türmesinde ýüzlerçe tussag gozgalaň turuzdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Russiýadan gelen habarlarda Günorta Osetiýanyň günortasyndaky türmede birnäçe ýüz tussagyň gozgalaň turuzandygy aýdylýar.

15-nji oktýabrda sebit paýtagty Wladikawkazyň 1-nji düzediş koloniýasynda 600-e golaý tussag gozgalaň turuzdy.

Tussaglaryň biriniň garyndaşy Maş telegram kanaly bilen eden söhbetdeşliginde bu gozgalaňyň türme režiminiň has berkidilmegi sebäpli turandygyny gürrüň berdi.

Emma muňa garamazdan, Baza telegram kanaly, anyklaşdyrylmadyk çeşmelere salgylanyp, protestiň türme sakçylarynyň iki tussagyň arasyndaky konflikte goşulmagy netijesinde başlanandygyny aýtdy.

Şeýle-de kanal ýörite polisiýa güýçleriniň bina zabt etmäge taýýarlanýandygyny aýtdy.

Rus türmelerinde oturan tussaglar türme şertlerinden nägile bolup, ençeme ýyl bäri gozgalaň turuzýarlar we köplenç, öz kynçylyklaryna ünsi çekmek tagallalarynyň çäginde maýyp bolýarlar.

XS
SM
MD
LG