Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan “Talyban” bilen söwda, energiýa, demirýol taslamalary barada gepleşik geçirýär


Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlary we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow
Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlary we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow

Özbek resmileri Owganystanyň talyban ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň wekilleri bilen duşuşyp, söwda, serhet howpsuzlygy hem-de kömek bermek barada maslahat etdi diýip, Özbegistanyň Daşary işler ministrligi aýtdy.

Gepleşige gatnaşjak talyban delegasiýasy, yslamçy toparyň premýer-ministriniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Abdul Salam Hanafiniň ýolbaşçylygynda, 16-njy oktýabrda Özbegiýanyň serhetýaka Termez şäherine geldi.

Özbek delegasiýasyna premýer-ministriň orunbasary, şol bir wagtda-da ýurduň maýa goýumlary we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow ýolbaşçylyk etdi.

"Söwda we ykdysady gatnaşyklar, serhet howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk, halkara ýük gatnawlary we üstaşyr geçiş meseleleri" ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Duşuşygyň gün tertibinde Termezden Owganystanyň Mazari-Şerif we Kabul şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Peşawar şäherine çenli çekiljek demir ýoluň gurluşygy baradaky mesele hem uly orun aldy diýip, beýanatda bellenýär. Owgan delegasiýa şol gün Kabula gaýdyp geldi.

Bu duşuşyk awgust aýynda ABŞ goşunlary ýurtdan çykandan soň Owganystandaky häkimiýeti gaýtadan ele geçiren toparyň diplomatik ykrarnama we abanyp gelýän ynsanperwer betbagtçylygyň öňüni almak üçin kömek gözleýän wagtynda boldy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew geçen aý Nýu-Ýorkdam BMG-niň Baş Assambleýasynda sözlän sözünde öz ýurdunyň Owganystana nebit we elektrik ibermegini dikeldendigini aýtdy. "Owganystany çetleşdirmek we öz problemalary bilen başa-baş goýmak mümkin däl" diýip, Mirziýoýew aýtdy.

XS
SM
MD
LG