Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak wekili Owganystanda “Talyban” bilen söwda, ykdysady gatnaşyklary maslahat etdi


Gazagystanyň prezidentiniň ýörite wekili Ýeržan Kazykhan (çepde) “Talybanyň” hökümetiniň başlygynyň ýerine ýetiriji orunbasary Abdul Gani Baradar bilen
Gazagystanyň prezidentiniň ýörite wekili Ýeržan Kazykhan (çepde) “Talybanyň” hökümetiniň başlygynyň ýerine ýetiriji orunbasary Abdul Gani Baradar bilen

Gazagystanyň prezidentiniň ýörite wekili Kabulda “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky administrasiýanyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyp, Owganystana ynsanperwer kömeginiň berilmegini, şeýle-de söwda we ykdysady gatnaşyklaryň täzeden ýola goýulmagyny maslahat etdi.

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Ýeržan Kazykhanyň sapary barada, prezidentiň metbugat edarasy 17-nji oktýabrda mälim etdi.

Bu awgustyň ortasynda “Talybanyň” halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hökümetden häkimiýeti ele geçirmeginden soň, gazak delegasiýasynyň Owganystana eden ilkinji sapary boldy.

Kazykhan saparyň dowamynda “Talybanyň” hökümetiniň başlygynyň ýerine ýetiriji orunbasary Abdul Gani Baradar we daşary işler ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki bilen gepleşikleri geçirdi.

Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklaryň täzeden başladylmagyna, şeýle-de owgan studentleriniň Gazagystanda bilim almagyna mümkinçilik berýän programmalaryň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirdiler diýip, TASS habar gullugy Tokaýewiň metbugat edarasyna salgylanyp habar berdi.

Kazykhanyň sözlerine görä, soňky hepdeleriň dowamynda Gazagystan ynsanperwer kömek hökmünde Owganystana 5 müň tonna un iberipdir.

Owganystanda häkimiýetiň “Talybanyň” ele geçmegi bilen, ýurduň ýiti gumanitar krizis bilen ýüzbe-ýüz bolmak howpy bar. Owganystanyň Merkezi Aziýa boýunça goňşulary uruşdan ejir çeken günorta goňşusyndan abanyp biljek howpsuzlyk wehimlerinden, şeýle-de on müňlerçe bosgunlaryň mümkin akymyndan howatyr edýärler.

XS
SM
MD
LG