Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ 20 ýyl bäri terrorizme garşy göreşýär, entek "Al-Kaýdany" ýeňip bilenok. Näme üçin?


ABŞ-nyň esgerleri Kabulyň demirgazygyndaky Bagram awiabazasynyň komandowaniýa gowşurylyş dabarasynda, Amerikanyň hem Owganystanyň baýdaklaryny göterýärler. 2003-nji ýylyň 27-nji maýy.
ABŞ-nyň esgerleri Kabulyň demirgazygyndaky Bagram awiabazasynyň komandowaniýa gowşurylyş dabarasynda, Amerikanyň hem Owganystanyň baýdaklaryny göterýärler. 2003-nji ýylyň 27-nji maýy.

ABŞ Owganystandaky “Al-Kaýda” garşy hüjümlere başlanyndan 20 ýyl soň, Waşington bu ýurtdaky urşuny gutarana meňzeýär, ýöne global terrorçylyk ulgamy Owganystanda öz howpsuz gaçybatalgasyny täzeden gurmaga ukyply görünýär. Häkimiýete ýaňadan gaýdyp gelen “Talyban” öz ýaranlary üçin, beýle çäreleri aňsatlaşdyrar.

2001-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda ABŞ 3 müň töweregi adamyň ölümine sebäp bolan 11-nji sentýabr hüjümini guramakda aýyplanýan “Al-Kaýdadan” ar almak maksady bilen “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky Owganystany bombalap başlady.

Owganystanda Waşingtonyň tas ýigrimi ýyla çeken urşundan soň, “Al-Kaýda” döwlenem bolsa, doly ýeňilmändir.

“Talyban” aýgytly hüjümi hem ýaranlarynyň kömegi arkaly hökümete gelmegi bilen global terrorçylyk ulgamy Owganystandaky howpsuz penasyny ýaňadan dikeltmäge mümkinçilik tapdy. Ýöne “Al-Kaýda” topary dünýädäki jihadçy maksatlaryna ýetmegine kömek etjek täze çemeleşmeler barada pikir edýändir diýlip hasaplanýar.

— "Al-Kaýdanyň" edebiýatynda 11-nji sentýabr hüjümleriniň ABŞ-ny Owganystandaky jihadçylar bilen uzak söweşe çekmek üçin meýilleşdirilendigi aýdylýar – diýip, Günorta Aziýadaky yslam radikal toparlarynyň hereketini öwrenýän barlagçy Abdul Saýed aýdýar.

Bu strategiýany göz öňünde tutup, ABŞ-nyň Owganystandan çykmagyna "Talyban", "Al-Kaýda" we beýleki jihadçylaryň dünýäniň ägirt güýçlerinden üstün çykmagynyň subutnamasy hökmünde garalanda, oňa düşünmek aňsat diýip, bilermen belleýär.

Owganystanyň Demirgazyk Bileleşiginiň esgerleri Bagramdaky öňki Sowet harby bazasynyň golaýynda, “Talyban” güýçlerine garşy frontda, “Allahu ekber!” diýip gygyrýarlar. 2001-nji ýylyň 24-nji sentýabry.
Owganystanyň Demirgazyk Bileleşiginiň esgerleri Bagramdaky öňki Sowet harby bazasynyň golaýynda, “Talyban” güýçlerine garşy frontda, “Allahu ekber!” diýip gygyrýarlar. 2001-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Trillionlarça dollar çykdajy edilen we uzaga çeken konflikte sebäp bolan harby kampaniýa garamazdan, Waşingtonyň esasy maksadyna ýetip bilmeýändigini Saýed öňe sürýär.

— Amerika Owganystanda "Al-Kaýda" garşy iki onýyllygyň dowamynda söweşip geldi, emma bu topar ýok edilmedi, Owganystan bolsa olar üçin henizem howpsuz gaçybatalga bolup hyzmat edýär – diýip, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

ABŞ-nyň howpsuzlyk güýçleriniň ýolbaşçylary indi "Al-Kaýdanyň" Owganystanda öz bazasyny çalt dikeltmäge we ýakyn iki-üç ýylda ABŞ toparyna hüjümleri amala aşyrmaga ukyplydygyny duýdurýarlar.

— Elbetde, geçmişde biziň şaýat bolşumyz ýaly, ol ýerde howpsuz gaçybatalga döretmek mümkinçiliginden alada edýäris – diýip, FBI-niň ýolbaşçysy Kristofer Reý geçen aýyň ahyrynda Kongresiň ýygnagynda aýtdy.

Şeýle-de bolsa, "Talyban" sebit ýa-da global howpsuzlyga howp salynmagyna Owganystanyň ýol bermejekdigini gaýtalady.

— Biz Owganystandan haýsydyr bir ýurda garşy howp abanmajakdygyna ygrarlydyrys – diýip, “Talybanyň” metbugat sekretary Zabihulla Mujahid aýtdy.

Ýöne bilermenler öňküleri ýaly, “Talybanyň” aýdanlaryna şübheli garaýarlar. Owganystan boýunça Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň öňki geňeşçisi Maýkl Sempl 2020-nji ýylyň fewral aýynda ABŞ bilen Doha şertnamasy boýunça “Al-Kaýdanyň” Owganystany bazasy hökmünde ulanmagynyň öňüni almaga söz beren hem bolsa, “Talybanyň” başga meýilleriniň bardygyny aýdýar. "Talyban” diňe daşary ýurtly söweşiji ýaranlarynyň has göz-görtele bolmazlygy bilen çäklendiler diýip, ol belleýär.

“Talybanyň” tarapynda bolan «Jamiat Ulema-i-Islam-Nazarýati» barlyşyksyz topar Usama ben Laden öldürilenden soň, Kwettada geçirilen demonstrasiýada, Amerika garşy çagyryşlar bilen ýöriş edýärler. 2011-nji ýylyň 2-nji maýy.
“Talybanyň” tarapynda bolan «Jamiat Ulema-i-Islam-Nazarýati» barlyşyksyz topar Usama ben Laden öldürilenden soň, Kwettada geçirilen demonstrasiýada, Amerika garşy çagyryşlar bilen ýöriş edýärler. 2011-nji ýylyň 2-nji maýy.

1990-njy ýyllarda "Talyban" söweşijileriniň döwründe, Owganystanda işlän Sempl "Talybanyň" öz liderleriniň wadalaryna garşy aç-açan hereket edýändigine geň galmaýandygyny aýdýar.

Wada berlen koalisiýa we aram dolandyryş görnüşiniň ýerine diňe “Talybanyň” ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan ybarat hökümet döredildi. Öňki režimiň berk syýasaty dikeldildi. Netijede, Sempliň pikirine görä, “Al-Kaýdanyň” Owganystanyň çäginde hereket etmegine ýol bermejekdigini wada beren “Talyban” Doha şertnamasy boýunça terrorçylyga garşy borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmejekdigini görkezýär.

— "Talybanyň" haryt-satuw ulgamy öňki owgan administrasiýasyndan tapawutlanýar. Bir bölüm gutularda goýuljak owadan şekilleri döretmek bilen meşgullanýar, beýleki topar hem gutynyň içinde goýulmaly zatlara jogapkär bolmaly, ýöne hakykat ýüzünde bu iki topar biri-biri bilen baglanyşykly däl – diýip, Sempl Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Häzirki wagtda Belfastdaky patyşa uniwersitetiniň professory Sempliň hasaplamagyna görä, “Talybanyň” harby ganaty bolan “Hakgany torunyň” täze hökümetde agdyklyk edýän wagtynda, “Al-Kaýdanyň” Owganystandaky gaçybatalgasyny gaýtadan dikeltmekde kynçylyk çekmejekdigi belli.

— Eger siz "Al-Kaýdanyň" agzasy bolsaňyz, ýolbaşçylaryňyzyň we esasy söweşijileriňiziň howpsuzlygy üçin, ýerli häkimiýetler bilen hiç bir mesele döremez ýaly, açyk, göz-görtele hereketden çekilmek barada gepleşik geçirmäge synanyşýan bolsaňyz, haçan-da isleýän adamyňyz Içeri işler ministrliginiň başlygy bolsa, başga näme arzuw edip bilersiňiz? – diýip, Sempl “Hakgany torunyň” başlygy Sirajuddin Hakganynyň Içeri işler ministri wezipesine bellenmegini göz öňünde tutup aýdýar.

Waşington Hakganyny halkara terrorçysy diýip yglan etdi we onuň tussag edilmegine mümkinçilik döretjek maglumatlar üçin, 10 million dollar baýrak belledi. Wezipä girişeli bäri "Talyban" onuň suratyny ýaýratman gelýär. Kabuldaky köp sanly çeşme ýygy-ýygydan onuň bolýan ýerleri üýtgedýändigini we uzakdan dolandyrylýan pilotsyz uçarlar arkaly Waşington tarapyndan yzarlanmagyndan gorkup, hereketleriniň gizlinligini saklaýandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Talybana” garşy uruşýan owgan söweşijileri 2001-nji ýylyň 16-njy dekabrynda, ABŞ-nyň Tora-Bora daglaryny bombalamagynda dörän birnäçe partlamany synlaýarlar.
“Talybana” garşy uruşýan owgan söweşijileri 2001-nji ýylyň 16-njy dekabrynda, ABŞ-nyň Tora-Bora daglaryny bombalamagynda dörän birnäçe partlamany synlaýarlar.

Şeýle-de bolsa, Sempliň sözüne görä, "Al-Kaýdanyň" Owganystanda öz täze dörän bazasyna ýa-da "Talybanyň" özlerine pena berýändigine ünsi çekmezlik üçin, Owganystandan hüjümleri guramakda bu ýurdy taýýarlyk ýeri hökümde peýdalanyp biler.

— Başga bir model, musulman dünýäsiniň beýleki ýerlerindäki Günbatara tarapdar hökümetlere garşy söweşýän dostlukly musulman söweşiji guramalaryna ylham bermek, soň bolsa maslahat ýa-da kömek bermek bolup biler. Olaryň etmekçi bolýan hereketine iki ýyl zerur däl, eýýäm şu wagt edýärler – diýip, ol belleýär.

Owganystanda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegine berk garşy çykýan goňşy Täjigistan bu toparyň söweşijileriniň arasynda dissident bolan täjik raýatlarynyň ýaraglandyrylmagyna alada bildirýär. Täjigistanda gadagan edilen “Jamaat Ansarullah” toparynyň maksady Täjigistanyň dünýewi hökümetini agdarmak.

Şeýle toparlaryň döremegi “Talybanyň” terrorçylyga garşy göreşmek wadalarynyň ygtybarlylygyny hasam pese gaçyrýar. Söweşijiler eýýäm Amerikanyň pilotsyz uçar hereketlerine garşy çykyş etdiler, Waşingtonyň resmileriniň aýtmagyna görä, bu terrorçy toparlaryň "gözýetimdäki" strategiýasynyň bir bölegidir.

— Biziň goňşy ýurt bilen şertnamamyz ýok. Goňşy döwletleriň hiç birinde biz ýerleşmeýäris – diýip, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň başlygy general Frank Makkenzi kanun çykaryjylar Owganystandaky bolup biljek terrorçylyk toparlaryny yzarlamak üçin awiasiýany ulanmagyň çylşyrymlydygyny düşündirmegini haýyş edeninde aýtdy.

Sempl terrorçylyga garşy meseleleriň çözgüdinde, sebitdäki ägirtler Russiýanyň we Hytaýyň “Talyban” bilen gatnaşyklarynyň esasy rol oýnaýandygyny öňe sürýär. Bilermeniň sözlerine görä, ol iki ýurt “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen gatnaşyklaryna has progressiw çemeleşdi, ýöne "Talyban" Owganystandan abanýan terror howplar baradaky aladalary çözüp bilmese, hasaplamalaryň üýtgemegi mümkin.

– Owganystandaky örän jogapkärli dolandyryşy goldamak üçin, Russiýa bilen Hytaýyň has giň halkara tagallalary edýän ýagdaýyny göz öňüne getirip bilersiňizmi? – Sempl şeýle soragy goýýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG