Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýitirim bolan aktiwistiň emläkleri Başkortostanyň tokaýyndan tapyldy


Aktiwist Ylham Ýanberdi (arhiw suraty)
Aktiwist Ylham Ýanberdi (arhiw suraty)

Russiýanyň Başkortostan respublikasynda ýitirim bolan oppozisiýa aktiwistiniň käbir şahsy emläkleri respublikanyň paýtagty Ufanyň golaýyndaky tokaýdan tapyldy.

Mundan bir hepde ozal ýitirim bolan Ylham Ýanberdiniň kärdeşleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 17-nji oktýabrda aktiwistiň paltosy, jemperi we mobil telefony Ufanyň Inors etrabyndaky tokaýlykdan tapylypdyr.

Ýanberdiniň aýaly Rasimanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna laýyklykda, aktiwist 11-nji oktýabrda ýitirim bolupdyr. Ol şäher administrasiýasynyň başkir halkynyň milli gahrymany Salawat Ýulaýewiň Ufadaky monumentini aýyrmak planlaryna garşy geçirilmegi planlaşdyrylan proteste gatnaşmagy göz öňünde tutupdyr.

Ýanberdin ençeme ýyl bäri özüniň oppozisiýa aktiwligini dowam etdirýärdi. Oňa soňky ýyllaryň dowamynda rugsat berilmedik protestlere gatnaşany üçin pul jerimesi salyndy, şeýle-de ol köpçülikleýin işlerine we ençeme günlük türme tussaglygyna höküm edildi.

Ýanberdiniň ýitirim bolan güni, Ufanyň sudy aktiwistleriň ýanwarda tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň goldawyna rugsat berilmedik ýörişi gurnanyndan soň, polisiýanyň iş däl günleriniň dowamynda zähmet çekmeginiň öwezini dolar ýaly, oňa we ýene aktiwiste uly pul jerimesini saldy.

XS
SM
MD
LG