Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Halilzad wezipeden çekildi


Zalmaý Halilzad
Zalmaý Halilzad

Günbatar goşunlarynyň Owganystandan çekilmeginiň yzysüre, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad wezipesinden çekildi.

18-nji oktýabrda döwlet sekretary Antoni Blinken yslamçy topar Owganystanda häkimiýeti ele geçirmezden ozal, Talyban bilen Katarda geçirilen gepleşiklere ýolbaşçylyk eden Halilzadyň wezipeden çekilýändigini we bu wezipä Halilzadyň orunbasary Tomas Westiň bellenilýändigini mälim etdi.

Işden çekilmek üçin ýazan arzasynda Halilzad öz bitiren işlerini gorap çykyş etdi ýöne şol bir wagtda bu wezipede işlän döwründe ýerine ýetirilmedik edilmeli işleriň bolandygyny boýun aldy.

“Owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasyndaky syýasy ylalaşyk göz öňünde tutulyşy ýaly bolmady” diýip, ol Blinkene ýazan hatynda aýtdy.

“Munuň sebäpleri örän çylşyrymly. Bular barada men öňümizdäki günlerde we hepdelerde öz pikirlerimi paýlaşaryn” diýip, 70 ýaşly Halilzad sözüniň üstüni ýetirdi.

Halilzad Owganystanda doguldy we Kabulda önüp-ösdi. Onuň onuna wezipä bellenen West Katarda geçirilen gepleşikleriň soňky tapgyrynda ABŞ wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.

XS
SM
MD
LG