Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG kazyýetinde Azerbaýjan Ermenistany etniki arassalaýyşda aýyplady


Daglyk-Garabagda bir sebitiň minalardan arassalanandygyny görkezýän bellik.
Daglyk-Garabagda bir sebitiň minalardan arassalanandygyny görkezýän bellik.

Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ermenistany geçen ýyl dawaly regionyň üstünde alty hepde dowam eden uruş ýaraşyk ylalaşygy bilen tamamlanandan soň hem, Azerbaýjanyň çäklerine mina ýerleşdirmäge dowam etmekde we “etniki arassalaýyşda” aýyplady. 18-nji oktýabrda BMG-niň Gaga kazyýetinde konflikt boýunça ikinji kazyýet işine seredilmäge başlandy.

Ermenistan bu aýyplamalary ret etdi.

14-nji oktýabrda Ermenistanyň konflikt bilen bagly Azerbaýjanyň üstünden arz eden şikaýaty boýunça kazyýet diňlenişigi geçirildi. Geçen ýyl bolan uruşda 6,600-den gowrak adam öldi we çaknyşyk sebitiň köp böleginde Azerbaýjanyň gaýtadan gözegçiligi ele geçirmegi bilen tamamlandy.

“Azerbaýjanlylara garşy zorluga çagyryş we etniki arassalaýyş kampaniýalary dowam edýär” diýip, Elnur Mammadow 18-nji oktýabrda Halkara Adalat kazyýetinde çykyş etdi.

“Mina ýerleşdirmek ‘kampaniýalary’ Ermenistanyň onlarça ýyl bäri dowam edýän etniki arassalaýyş operasiýasynyň dowamydyr we bu çäkleri azerbaýjanlylardan arassalamak synanyşygydyr” diýip, Mammadow sözüniň üstüni ýetirdi.

Ermenistanyň wekili Ýegişe Kirakosian Azerbaýjanyň öňe sürmelerini “oýlanyp tapylan we goranyş äheňli” diýip, ret etdi.

Ol Azerbaýjanyň özüniň 1990-njy ýyllaryň başlarynda konflikt zolagyna ýüzlerçe müň mina ýerleşdirendigini aýtdy.

Kirakosian Azerbaýjanyň kazyýet işini “ýalan otarmak türgenleşigi; Azerbaýjanyň hakyky pida bolandygy barada pikir döretmäge hem-de maglumat bulançaklygyny döretmäge niýetlenen taktika” atlandyrdy.

Ermenistan bireýýäm mina meýdançalarynyň iki kartasyny berdi we “biz mundan beýläk hem özümizde bar bolan kartalary tabşyrmaga taýýar” diýip, Kirakosian kazyýete aýtdy.

Mammadow uruş barýarka we ondan soňky geçen döwrüň dowamynda, konflikt rus araçylygynda gazanylan parahatçylyk ylalaşygy bilen tamamlanaly bäri, ermeni güýçleriniň goýan minalarynyň azyndan 106 azerbaýjanlyny, şol sanda 65 asuda raýaty öldürendigini aýtdy.

“Ermenistanyň şeýdip azerbaýjanlylary nyşana almaga we terror etmäge dowam etdirmegi üçin hiç hili harby ýa-da beýleki sebäp ýok” diýip, ol kazyýete aýtdy.

Kirakosian ermeni güýçleriniň mina goýmaga dowam etdirýändikleri baradaky öňe sürmeleri “esassyz” atlandyrdy we “çözgüde garaşýan ynsanperwer meseleleri çözmek işlerimiziň çäginde, biz özümizde bar bolan kartalary bermäge taýýar” diýdi.

Geçen hepde geçirilen sud diňlenişiginde Ermenistan Azerbaýjany ynsan hukuklaryny çynlakaý bozmakda aýyplady, Azerbaýjan Ermenistanyň “nätakyk suratlandyrmalaryny” ret etdi we özüniň Daglyk-Garabagdaky hereketlerini gorap çykyş etdi.

Iki ýurduň arzasy bilen açylan kazyýet işleri boýunça Halkara Adalat kazyýetiniň netijä gelmegi birnäçe ýyla çekip biler. Iki ýurt hem Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşleriniň ýok edilmegi boýunça Halkara konwensiýanyň bozulandygyny aýdyp, kazyýete ýüz tutdular.

Daglyk-Garabag halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýär, ýöne tutuş sebit we onuň töweregindäki etraplar 1994-nji ýylda separatist uruş tamamlanyp, geçen ýyl uruş täzeden başlanýança etniki ermeni güýçleri tarapyndan gözegçilik edilýärdi.

Taraplar yzygiderli ýagdaýda birek-birek bilen çaknyşyp gelýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň howandarlygynda Russiýanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň egindeş ýolbaşçylygynda döredilen Minsk toparynyň bu konflikti çömek tagallalary netije bermedi.

2020-nji ýylyň sentýabrynda Azerbaýjan harby hüjüme girişdi we munuň netijesinde Daglyk-Garabagyň ep-esli böleginde we onuň töweregindäki ýedi etrapda Baku täzeden gözegçiligi ele geçirdi.

Bu konflikt Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň gol çeken ýaraşyk ylalaşygy bilen tamamlandy. Bu ylalaşyk bilen Daglyk-Garabagyň käbir ýerleri, şol sanda ermeniler tarapyndan basylyp alnan ýanaşyk territoriýalar Azerbaýjanyň gözegçiligine geçdi.

Ermenistan uruşda 3,700-den gowrak ermeniniň we Daglyk-Garabag ýaşaýjysynyň ölendigini aýdýar. Azerbaýjan özüniň 2,900 ýitgi çekendigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG