Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damaskda goşun awtobusyna edilen bomba hüjüminde azyndan 13 adam öldi


Siriýanyň döwlet metbugaty paýtagt Damaskda bolup geçen bomba hüjüminde azyndan 13 adamyň ölendigini we üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Bu soňky ýyllarda bolup geçen iň ganly hüjüm diýip bilinýär. Döwlet eýeçiligindäki SANA habar gullugy 20-nji oktýabrda siriýa goşunynyň esgerlerini alyp barýan awtobus köprüden geçende, ýol ýakasynda goýlan iki bombanyň ýarylandygyny aýtdy.

Döwlet telewideniýesi hüjümiň irden, adamlar işe we mekdebe barýan wagtynda amala aşyrylandygyny aýtdy.

SANA ýanýan awtobusy we şol töwerekde goýlan üçünji partlaýjy enjamy zyýansyzlandyrýan harby işgärleri görkezdi.

Siriýanyň düýbi Angliýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy bu hüjümde 14 adamyň ölendigini we ölenleriň sanynyň köpelmeginiň mümkindigini aýdýar.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, demirgazyk-günbatardaky Idlib sebitinde, gozgalaňçylaryň esasy berkitmesini topa tutmak bilen, Assad güýçleri Ariha şäherinde sekiz adamyň ölümine, 20 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Öldürilenleriň arasynda birnäçe çaganyň hem bardygy aýdylýar.

Soňky ýyllarda, prezident Başar al-Assada wepaly güýçler şäheriň töweregindäki gozgalaňçy mekanlaryny ele geçirensoň, Damask bu hili hüjümlerden esasan dynçdy.

Emma muňa garamazdan, şu ýyl ýurduň gündogaryndaky goşun ulaglaryna “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän söweşijiler tarapyndan birnäçe gezek hüjüm edildi.

Ýakyn ýaranlary bolan Orsýetiň we Eýranyň harby goldawy netijesinde, Assadyň güýçleri Siriýanyň köp bölegine gözegçilik edýär.

Siriýanyň 10 ýyllyk konflikti 2011-nji ýylyň mart aýynda hökümete garşy protestçileriň güýç bilen basylyp ýatyrylmagy netijesinde başlandy. Bu çaknyşyklar 350,000-den gowrak adamyň ölümine, ýurduň ilatynyň ýarysynyň ýaşaýan ýerinden bosmagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG