Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek raýaty Türkmenistanyň üsti bilen metamfetaminli alma geçirdi


Tutulan "almalar"
Tutulan "almalar"

Gyrgyzystanyň hukuk goraýjylary we gümrük gullugynyň işgärleri ýörite operasiýa geçirip, köp mukdarda sintetiki neşe serişdelerini getiren daşary ýurt raýatyny tussag etdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” bu ýurduň Içeri işler ministrligine salgylanyp habar berýär.

Howpsuzlyk güýçleri Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Gyrgyzystan ugry boýunça gelýän sowadyjyly, ýarym tirkegli ýük awtoulagynda barlag geçirdiler.

Barlag wagtynda köpükli plastmassadan ýasalan 147 sany alma tapyldy, olaryň içinden ak reňkli hrustal maddalar - metamfetaminli plastik haltalar çykdy. Awtoulagyň sürüjisi Özbegistanyň raýaty eken.

Ýük awtoulagynyň Eýrandan gelýändigi, ýarym tirkegiň Türkmenistan bilen aradaky bitarap zonada türkmen awtoulagyna berkidlip, Özbegistan bilen aradaky bitarap zona eltilendigi aýdylýar. Sürüji şol ýerden Gyrgyzystana gelipdir.

Türkmenistan diňe ýükli tirkegleriň öz çägine girmegine rugsat berýär we olary türkmen ulaglary bilen başga bir serhede ýa-da ýurduň içindäki alyja gowşurýar.

Gyrgyzystanyň hukuk goraýjy edaralarynyň çap eden wideoýazgysynda alma bölejikleriniň tapylan tirkeginde LB 65 77 TR belgili türkmen awtoulagy görkezilýär.

Içeri işler ministrligi ele salnan maddanyň umumy agramynyň 1 kg 100 gramdygyny, onda "gara bazarda" 531,286 dollar bahasy bolan 150,000 dozanyň bardygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG