Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa "Talybany" çagyryp, Owganystan boýunça halkara maslahat geçirýär


Talyban gepleşikçisi Suhail Şahin metbugat ýygnagyna gatnaşýar. Moskwa, 9-njy iýul, 2021
Talyban gepleşikçisi Suhail Şahin metbugat ýygnagyna gatnaşýar. Moskwa, 9-njy iýul, 2021

Owganystandaky durnuksyzlygyň ýa-da zorlukly wakalaryň goňşy ýurtlara ýaýramak ähtimallygy baradaky aladalar arasynda, Orsýet özüniň Merkezi Aziýadaky täisirini pugtalandyrmak üçin, Moskwada ýokary derejeli Talyban delegasiýasyny kabul edýär.

Bu talyplaryň awgust aýynyň ortalarynda halkara derejesinde ykrar edilen hökümeti agdaryp, Kabulyň gözegçiligini ele geçireli bäri gatnaşýan iň möhüm halkara ýygnaklarynyň biri bolup durýar.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýygnanyşykda çykyş edip, "Yslam döwleti" we "Al-Kaýda" ýaly terrorçy toparlaryň durnuksyzlykdan "peýdalanmaga synanyşýan” wagtynda Talybanyň "harby we syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmak we döwlet düzgünlerini ýola goýmak ugrunda edýän tagallalaryny” Orsýetiň ykrar edýändigini aýtdy.

Şeýle-de Lawrow Moskwa ýurda “durnukly parahatçylyk” getirmegiň ýeke-täk ýoluny Kabulda "hakykatdanam öz içine alyjy" hökümetiň döredilmeginde görýär diýdi.

20-nji oktýabrda geçirilýän maslahata Hytaýdan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen resmiler hem gatnaşýar.

"Talyban" delegasiýasyna toparyň premýer-ministriniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Abdul Salam Hanafi ýolbaşçylyk edýär. Gepleşiklere talyban hökümetiniň ýerine ýetiriji daşary işler ministri Amir Han Muttaki hem gatnaşýar.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi bu duşuşygyň maksatlarynyň birini “halkara jemgyýetçiliginiň ýurda talyban basyp alyşyndan soň abanýan ynsanperwerçilik krizisiniň öňüni almak tagallalaryny birleşedirmek” zerurlygy bilen düşündirdi.

Rus DIM-i Kabulda hemme tarapy "öz içine alyjy hökümet" döretmegiň hem gün tertibinde boljakdygyny aýtdy. "Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid bolsa öz toparynyň maslahata gatnaşyjy ýurtlardan ykdysady kömek we syýasy goldaw sorajakdygyny aýtdy.

"Elbetde, konferensiýada ykdysady we syýasy meseleler, sebitdäki we Owganystandaky howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar" diýip, Mujahid sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň Kabuldaky ilçisi Dmitriý Žirnow žurnalistlere maslahat wagtynda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümeti ykrar etmek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmajakdygyny aýtdy.

Moskwa soňky ýyllarda bu toparyň wekillerini birnäçe gezek myhman alyp, "Talyban" bilen gatnaşyk gurdy, ýöne Russiýanyň içinde gadagan edilen terror guramasy hasaplanýan söweşijileri ykrar etmekden saklandy.

Russiýa we Owganystanyň Merkezi Aziýadaky goňşulary neşe gaçakçylygynyň köpelmeginden we uruşdan tozan ýurtdan abanýan beýleki howplardan, şol sanda on müňlerçe bosgunyň serhetden aşmak ähtimallygyndan howatyr edýärler.

Russiýa bu alada jogap edip, Owganystanyň goňşulygyndaky post-sowet ýurtlary bilen birlikde harby türgenleşik geçirdi we Täjigistandaky harby bazasynyň maddy-tehniki enjamlaryny güýçlendirdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin geçen hepde "Yslam döwleti" (YD) ekstremist toparynyň Owganystanyň demirgazygynda 2000 töweregi söweşijisiniň bardygyny duýdurdy we, hamala, dini we etnik düşünişmezlik döretmek üçin, YD söweşijileriniň bosgun hökmünde Merkezi Aziýanyň öňki sowet ýurtlaryna aralaşmakçy bolýandygyny aýtdy.

Moskwa 1980-nji ýyllarda Owganystanda 2 milliona çenli owgany öldüren urşa gatnaşdy, 7 million adamy öýlerinden gaçyp çykmaga mejbur etdi we 14,000-den gowrak sowet esgeriniň ölümine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG