Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO ministrleri rus howpunyň öňüni aljak meýilnamany alyp maslahatlaşýar 


NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg ministrleriň kollektiw goranyşy güýçlendirmek meselesini maslahatlaşjakdygyny aýtdy.
NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg ministrleriň kollektiw goranyşy güýçlendirmek meselesini maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

NATO-nyň goranmak ministrleri 21-nji oktýabrda Orsýet bilen bolup geçen gapma-garşylykdan soň, kreml wekilleriniň ýaranlykdaky ygtyýarnamalaryndan mahrum edilmegi bilen, bileleşigi mümkin bolan rus hüjüminden goramak üçin, baş plan diýlip atlandyrylýan meýilnamany maslahatlaşýar.

Bu dawa Brýusselde geçiriljek iki günlük duşuşygyň gün tertibine girizilmedi, emma ýaranlykdaky 30 ýurduň ministrleri umumy öňüni alyş we goranyş strategiýasy, täze tehnologiýalara maýa ýatyrmak we Owganystanda “alnan sapaklara” baha bermek prosesi ýaly esasy alada döredýän meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg ministrleriň kollektiw goranyşy güýçlendirmek we agza döwletleriň çäklerini goramak meselesini ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

"Ýaranlar has köp maýa goýýar, ýaranlar has ýokary derejeli mümkinçilikler bilen üpjün edýär, ýene bir bellemeli zat, biz kiber, gibrid we kosmos ýaly täze ugurlarda hem işjeňleşýäris” diýip, ol 20-nji oktýabrdaky brifiňde aýtdy.

"Bularyň hemmesi biziň howpsuzlygymyz üçin möhüm bolup durýar. Bular biziň sowuk uruş döwründe ýüzbe-ýüz bolan howp-hatarlarymyzdan we kynçylyklarymyzdan üýtgeşik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG