Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze düzgünler ABŞ tehnologiýasyny adam hukuklaryny bozýanlara bermezligi maksat edinýär


Täze düzgünler belli-belli programma üpjünçiliginiň ýa-da enjamlaryň sanawadaky ýurtlara satylmagynyň öňüni almagy maksat edinýär.

ABŞ-nyň Söwda departamenti betniýet kiber işlerinde ulanylyp bilinjek ýurtlara tehnologiýa eksportyny çäklendirmäge gönükdirilen düzgünleri yglan etdi.

Bu düzgünler, söwda söwda we howpsuzlyk býurosy tarapyndan tassyklanmasa, belli-belli programma üpjünçiliginiň ýa-da enjamlaryň sanawadaky ýurtlara, şol sanda Russiýa we Hytaýa satylmagynyň öňüni almagy maksat edinýär.

Birleşen Ştatlar “tehnologiýanyň adam hukuklaryny bozmak üçin nädogry ulanylmagyna ýa-da beýleki betpygyl kiber işlerinde peýdalanylmagyna garşy çykýar we bu täze düzgünler ABŞ kompaniýalarynyň awtoritar tejribä hörek bolmazlygyna kömek eder” diýip, Söwda departamentiniň 20-nji oktýabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.

90 günden güýje girýän düzgünler dünýäde kiber hüjümleriniň barha köpelýän wagtyna gabat geldi.

Golaýda ABŞ-a garşy gurnalan kiber hüjümleriniň köpüsinde rus dilli haker toparlary ýa-da Russiýanyň çäginde işleýän hakerler günäkärlenýär.

Moskwa bu meseledäki jogapkärçiligi öz üstüne almaýar. Täze düzgünlere laýyklykda, "milli howpsuzlyk ýa-da köpçülikleýin gyryş ýaraglary" aladalaryna degişli ýa-da eýýäm ýarag gadaganlygy astynda bolan ýurtlara tehnologiýa satylanda, ygtyýarnama talap ediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG